HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwadalary: suwuklandyrylan gazyň we ECO-93 görnüşli benziniň bahalary ýokarlandy

Iýun 09, 2022 | 00:17 |14042
Sişenbe güni, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $32,2 million geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $32,2 million geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $32,2 million geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň telekeçileri jemi 3 müň tonna suwuklandyrylan gaz satyn aldylar, önümiň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 4% ýokarlandy we bir tonnasy $496 deň boldy. Suwuklandyrylan tebigy gaz boýunça geleşikleriň umumy bahasy $1,4 million barabar boldy.

Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri $30,7 millionlyk ECO-93 görnüşli awoulag benzininiň 30 müň tonnasyny satyn almaga geleşik baglaşdylar. Ýangyjyň bu görnüşiniň bahasy soňky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 4,6% artdy we bir tonnasy $1 025 deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (8-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026