HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Özbegistana barýan ýükleriň üstaşyr geçmegine rugsat berdi

Iýun 08, 2022 | 22:48 |11778
Iýun aýynyň 1-inden Özbegistanyň we beýleki daşary ýurtlaryň ulag serişdelerine Türkmenistanyň üsti bilen haryt daşamaga rugsat berilýär.Iýun aýynyň 1-inden Özbegistanyň we beýleki daşary ýurtlaryň ulag serişdelerine Türkmenistanyň üsti bilen haryt daşamaga rugsat berilýär.
Çeşme:

Iýun aýynyň 1-inden Özbegistanyň we beýleki daşary ýurtlaryň ulag serişdelerine Türkmenistanyň üsti bilen haryt daşamaga rugsat berilýär. Bu barada Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýurduň ulag ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, habar berýär.

Bu ugur Özbegistan bilen araçäkde ýerleşen “Farap” (“Alat” barlag-goýberiş nokady) we Eýran bilen araçäkde ýerleşen “Sarahs” barlag-goýberiş nokatlarynyň üstünden geçýär.

Ýük ulaglary Özbegistan bilen Eýranyň serhedinden 1 kilometr uzaklykda ulag kerwenine düzülip, Türkmenistanyň çäginden geçerler. Kerwen irden 08:00-da düzülip başlanar.

Ulag kerwenine ýol polisiýasy ýoldaş bolar. Sürüjileriň dynç almagy, awtoulaglara ýangyç guýmak we tehniki hyzmatlar üçin ýörite duralgalar göz öňünde tutulandyr. Hereket wagtynda häsazlyk ýa-da başga mesele ýüze çykan ýagdaýynda, awtoulag kerwenden çykarylar. Hukuk goraýjy edaralar “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen bilelikde meseläni çözmekde sürüjä amaly kömek bererler.

Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek üçin talaplaryň we şertleriň başga-da birnäçesini berjaý etmek zerur.

Sürüjiler Türkmenistanyň serhedinden üstaşyr geçmek üçin we ýörite arassaçylyk işlerini geçirmek üçin zerur bolan resminamalary tabşyrmaly. Ulag serişdelerinde arassaçylyk işleri geçirilmeli.

Serhetden geçilende, COVID-19 üçin PCR testiň netijelerini (72 sagatdan geçmedik) ýa-da koronowirusa garşy sanjym kepilnamasyny (soňky sanjym edilen gününden başlap, azyndan 42 gün) görkezmeli. Şeýle-de, postda COVID-19 üçin ekspress-synagdan geçmeli.

Nury AMANOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026