Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleri Hazaryň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredow hepdäniň sişenbe güni “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşinde daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirilýän Nur-Soltan şäherinde gazagystanly kärdeşi Muhtar Tleuberdi bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebit syýasaty bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, derwaýys halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.
– Hazar meselesi we 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmeli Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň 6-njy duşuşygy söhbetdeşligiň iň möhüm mowzugy boldy – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Raşid Meredow we Muhtar Tleuberdi ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine, şeýle-de, sebit möçberinde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklara baha berdiler. Hususan-da, Türkmenistanda we Gazagystanda gury ýer we deňiz ulag unfrastrukturasyny mümkin boldugyça has köp ulanmagyň ähmiýetine üns çekildi.
ORIENT news








