HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow hem-de Wan I Nur-Sultanda gepleşik geçirdiler

Iýun 08, 2022 | 22:58 |10088
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaýyň daşary işler ministri Wan I ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn ünsi çekdiler.Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaýyň daşary işler ministri Wan I ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn ünsi çekdiler.
Çeşme:

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaýyň daşary işler ministri Wan I ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn ünsi çekdiler. Gepleşikler sişenbe güni, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nur-Sultanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň 3-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerine degip geçdiler. Söhbetdeşler iri halkara guramalarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etmegi özara maksat edinýändiklerini tassykladylar diýilip, türkmen DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda gaz, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Türkmen we Hytaý diplomatiýasynyň ýolbaşçylary sebit hem-de dünýä möçberinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi baradaky meselelere uly ünsi çekdiler.

Şeýle hem gepleşiklerde saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň üstünde durlup geçildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026