TDHÇMB-nyň söwdalary: Gazagystan nah ýüplük satyn aldy


Duşenbe güni, 6-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Gazagystanyň telekeçileri 35 müň tonnadan gowrak dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn aldylar diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen birinji sortly nah ýüplükleriň jemi $87,1 müň satyn alyndy.
Gazagystandan gelen beýleki bir telekeçi $29 müň aşgarlanmadyk nah ýüplügi satyn aldy.
Şu gün (7-nji iýunda) söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şol bir wagtyň özünde hem şu tmex.gov.tm salgydan biržadaky harytlaryň satuwynyň dowamy bilen hem-de gönüden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de biržadaky söwdalaryň satuwy barada bildiriş ýerleşdirmek mümkin.
ORIENT news








