HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hökümeti guşçulygyň ösüşine itergi berer

Iýun 06, 2022 | 08:17 |7252
Türkmenistanyň hökümeti guş etini we ýumurtgany öndürýän hususyýetçileri ýurtda iýmlik dänäni, mekgejöweni we soýany ösdürip ýetişdirmäge ýardam bermek arkaly goldar.Türkmenistanyň hökümeti guş etini we ýumurtgany öndürýän hususyýetçileri ýurtda iýmlik dänäni, mekgejöweni we soýany ösdürip ýetişdirmäge ýardam bermek arkaly goldar.
Çeşme:

Yurduň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan hususy önüm öndürijileri goldamak maksady bilen Türkmenistanyň hökümeti iýmlik bugdaýy, mekgejöweni we soýany ýetişdirmek hem-de bu ekinleri ýetişdirmäge isleg bildirýän taraplara goşmaça ýer böleklerini bölüp bermek barada degişli Karar kabul etdi.

– Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara hepdäniň şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde gol çekdi – diýip, Türkmenistanyň resmi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýar.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, welaýat häkimlikleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurtda mekgejöweni 20 müň gektar, soýany 20 müň gektar we iýmlik bugdaýy 40 müň gektar meýdanlarda ekmek we ösdürip ýetişdirmek boýunça çäreleri amala aşyrarlar.

Iýmlik dänäni öndürijileri Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tohum we tehniki hyzmatlar bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti suwaryş suwlary bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni mineral dökünler bilen üpjün eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026