Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran türkmen gazyny Azerbaýjana çalyşmak üçin ibermegiň importyny iki esse artdyrar

Iýun 05, 2022 | 01:43 |18744
Eýranyň we Azerbaýjanyň resmi adamlary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler, şonuň çäklerinde tebigy gazyň Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan ugry boýunça çalşylyp ugradylyşyny iki esse artdyrmak ylalaşyldy diýip, IRNA habar berýär.Eýranyň we Azerbaýjanyň resmi adamlary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler, şonuň çäklerinde tebigy gazyň Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan ugry boýunça çalşylyp ugradylyşyny iki esse artdyrmak ylalaşyldy diýip, IRNA habar berýär.
Çeşme:

Eýranyň we Azerbaýjanyň resmi adamlary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler, şonuň çäklerinde tebigy gazyň Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan ugry boýunça çalşylyp ugradylyşyny iki esse artdyrmak ylalaşyldy diýip, IRNA habar berýär.

Çalşylyp ugradylmagy Türkmenistanyň gazy Eýrana ibermegini, ondan soňra bolsa EYR-synyň “mawy ýangyjyň” şonça möçberini Azerbaýjana eksport etmegini göz öňünde tutýar. Üstaşyr geçirilýän gazyň bir bölegi çalşylma üçin töleg hökmünde Eýranda galýar.

Özara düşünişmek hakynda Ähtnama Eýranyň nebit ministri Jawad Oji hem-de Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow anna güni Baku Energy Week çäresinde gol çekdiler.

Şu ýylyň bäş aýynda Azerbaýjan Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen çalşylyp iberilmegi baradaky ylalaşyk boýunça 1,5 milliard kubmetr tebigy gazy import etdi. Şeýlelik bilen, taraplar “mawy ýangyjy” ýylyň dowamynda çalyşmagy ylalalaşdylar, ýöne anyk işleriň görkezişi ýaly, çalşylyp iberilmegi üçin islegler we tehniki mümkinçilikler garaşylyşyndan ýokary boldy.

Ozal Eýranyň nebit ministri Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan ugry boýunça gazyň çalşylyp ugradylyşyny bir ýylda 15 milliard kubmetre çenli artdyrmak üçin şertleriň bardygyny aýtdy. Bu bolsa Azerbaýjanyň türkmen gazyny import etmegiň möçberi boýunça Hytaýdan soň, ikinji orunda durmagyna getirip bilerdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026