HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleri Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar

Iýun 01, 2022 | 20:35 |11403
Hepdäniň sişenbe güni Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle-de BMG-niň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi.Hepdäniň sişenbe güni Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle-de BMG-niň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Çeşme:

Hepdäniň sişenbe güni Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle-de BMG-niň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Çäräniň gün tertibine laýyklykda, duşuşykda Owganystanda sebit howpsuzlygy bilen bagly meselelere seredildi. Maslahata gatnaşyjylar Owganystany asuda, abadan, ykdysady taýdan durnukly ýurda öwürmek baradaky umumy isleglerini tassykladylar.

Ситуацию в Афганистане обсудили в Алматы спецпосланники стран Центральной Азии и Евросоюза

Taraplar Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermekde öz milli goşantlaryny, şeýle-de ikitaraplaýyn we sebitleýin maksatnamalary bilelikde durmuşa geçirmek boýunça teklipleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň ýörite wekili, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystan bilen bagly alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň, şol sanda durmuşa geçirilýän TOPH taslamasynyň we Owganystanyň häzirki hökümeti bilen netijeli gepleşikleriň geçirilmeginiň üstünde durup geçdi.

Встреча по Афганистану специальных представителей стран Центральной Азии и Европейского союза, а также ООН состоялась во вторник в Алматы

Ýewropa bileleşiginiň we BMG-niň wekilleri maslahata gatnaşyjylary Owganystandaky häzirki ýagdaý we owgan halkyna ynsanperwerlik we ykdysady kömeklerini bermek boýunça edilýän tagallalar bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasynyň mandatynyň uzaldylmagyny goldadylar.

Çärä gatnaşmagyň çäklerinde Wepa Hajiýew BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) ýolbaşçysy Debora Laýons bilen duşuşdy. Taraplar Owganystana ýardam bermek boýunça halkara we ikitaraplaýyn tagallalar boýunça pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026