Kompaniýaňyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak isleýärmisiňiz? Zähmet kadalaryny berjaý ediň


Zähmet kanunçylygynyň kadalary näme we olary berjaý etmek möhümmi? Zähmet howpsuzlygynyň düzgünlerini näme üçin oýlap tapdylar? Kompaniýalaryň durmuş, bilelikdäki we zähmet kadalaryny berjaý etmekleri eksporta neneňsi täsir edýär? 30-njy maýda geçirilen okuw maslahatynda şu we ençeme beýleki meselelere garaldy.
Çäre Aşgabatda geçirildi hem-de ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy, BMG-niň Türkmenistandaky neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Türkmenistanyň DIM-i hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

“Hususy ulgamda durmuş, bilelikdäki we zähmet kadalaryny berjaý etmegiň möhümligi hem-de onuň eksporta täsiri” diýen mesele boýunça geçen okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, ýurduň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň edarasynyň (Ombudsmeniniň) diwanynyň, “Türkmemstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň wekilleri hem-de hususy konsalting, oba hojalyk we gurluşyk kompaniýalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Ýewropanyň jenaýatçylygy duýdurmak we olara garşy göreşmek baradaky institutynyň ýolbaşçylary, halkara zähmet kadalary boýunça bilermenler, BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň bilermenleri hem-de olaryň türkmen kärdeşleri işewürligi öňe ilerletmek we eksport kuwwaty artdyrmak boýunça işleri neneňsi tizleşdirmelidigini hem-de giňeltmelidigini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda işjeň ýagdaýda halkara we sebit derejesinde tejribeler alşyldy, zähmet düzgün bozulmalaryň öňüni almak ugrunda üstünlikli innowasion çemeleşmeleriň mysallary görkezildi.
BMG-niň Merkezi Aziýada neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň adam söwdasyna hem-de migrantlary bikanun getirmek boýunça sebit geňeşçisi Reda Sirgediýene okuw maslahatyna gatnaşyjylary adam söwdasynyň öňüni almak we oňa garşy hereket etmek maksady bilen, döwletiň hem-de hususy ulgamyň hyzmatdaşlyk etmeginiň mysallary bilen tanyşdyrdy, bilelikdäki we durmuş taýdan jogapkärçilik babatda halkara bilermen Saara Haapasaari Ýewropanyň Helsinkidäki jenaýatçylygy duýdurmak we olara gözegçilik etmek baradaky institutynyň, Bolgariýadaky demokratiýany öwreniş merkeziniň, Estoniýadaky Tartu uniwersitetiniň we Latwiýanyň IIM-niň kompaniýalary toplumlaýyn barlamak boýunça gözükdirijisini hödürledi.

Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlary örän gyzykly boldy: Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň edarasynyň diwanynyň agzasy milli zähmet kanunçylygynyň kadalary we olary berjaý etmegiň möhümligi barada gürrüň berdi, “Türkmemstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işgäri bolsa oba hojalyk hem-de gurluşyk ulgamlarynda zähmet howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişi barada aýtdy.
Her çykyşdan soň, çykyş edenler köpsanly sowallara jogap berdiler. Bu bolsa okuw maslahatynda gozgalan meseleleriň oňa gatnaşyjylarda orän uly gyzyklanma döredendiginden habar berýär. Munuň şeýledigine mesawy söhbetdeşliklerde edilen gürrüňleriň gyzgalaňly häsiýetleri-de şaýatlyk edýär. Şonda adamlar wideo arkaly tanyşdyryşyň dowamynda eşiden we gören zatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara we türkmen bilermenleri bolsa okuw maslahatynyň netijelerini jemläp, bir pikirdediklerini aýtdylar: “Türkmenistanyň eksporty artdyryp, halkara bazarlaryna çykmaga bolan ymtylyşy kanun çykaryjylaryň hem-de hususy ulgamyň wekilleriniň ekologiýa, durmuş taýdan we bilelikdäki jogapkärçiligi hem-de kärhanalarda işgärleriň hukuklaryny netijeli goramagy üpjün etmek boýunça halkara ölçegler barada habarly bolmak derejesiniň artdyrylmagyny talap edýär”.
ORIENT news








