Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat


Müňýyllyklaryň dowamynda ençeme siwilizasiýanyň mekany bolan Anadoly gadymy syrlaryny açmagyny dowam etdirýär. Türkiýäniň çäginde giň gerimde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde alymlar gadymy döwürlere degişli hereket edýän suw çüwdürimlerinden başlap, ajaýyp derejede abat saklanan mermer heýkellere çenli yzygiderli täsirli açyşlary amala aşyrýarlar.

Iň täsir galdyryjy ýerleriň hatarynda Burdur welaýatyndaky gadymy Kibira we Sagalassos şäherleri bar. Bu ýerde syýahatçylar dikeldiş işleri geçirilen gadymy suw çüwdürimlerini görüp bilerler. Olardan edil müňýyllyklar ozalkysy ýaly suw akýar.

10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen gladiator stadiony bilen meşhur bolan Kibirada 2025-nji ýylda monumental derwezeleriň golaýynda imperator Adrianyň iki sany zeper ýetmedik heýkeli tapyldy. Sagalassosdaky gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda bolsa arheologlar Pan hudaýyny şekillendirýän ýigidiň heýkelini, şeýle hem Artemidanyň, Aresiň we Apollonyň şekilleri ýerleşdirilen barelýefleri ýüze çykardylar.

Antalýa welaýatynda, gadymy Aspendos şäherinde «Geljegiň mirasy» taslamasynyň çäklerinde lukmançylygyň hudaýy Eskulapy we onuň ogly Teleforany şekillendirýän beýikligi 2,20 metr bolan mermer heýkeller topary tapyldy. Bu tapyndy biziň eýýamymyzdan soňky II asyryň soňky çärýegine degişlidir. Meşhur gadymy Aspendos teatry tomus aýlarynda ýörite yşyklandyryş arkaly gijeki gezelençler üçin hem elýeterlidir.

Egeý sebitinde, gadymy Sard şäherinde — Lidiýa şalygynyň paýtagtynda (Manisa welaýaty) biziň eýýamymyzdan öňki V asyryň birinji ýarymyna degişli äpet ýigit heýkeli tapyldy. Beýikligi 2,2 metr bolan mermer heýkel örän gowy derejede saklanypdyr we ýakyn wagtda Manisa muzeýinde görkeziler.







