HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Türkmen halysynyň baýramyny belleýär

Maý 30, 2022 | 05:37 |22644
Türkmen halysynyň baýramy Türkmenistanda yzygider 30 ýyl bäri her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp boýunça, Aşgabatda geçirilýär.Türkmen halysynyň baýramy Türkmenistanda yzygider 30 ýyl bäri her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp boýunça, Aşgabatda geçirilýär.
Çeşme:

Türkmen halysynyň baýramy Türkmenistanda yzygider 30 ýyl bäri her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp boýunça, Aşgabatda geçirilýär.

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Bu ýyl baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirildi. Bu ýerde haly we haly önümleriniň ajaýyp sergisi gurnaldy, şeýle-de dokma, söwda senagatlarynyň we halyçylyk pudagynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasy geçirildi.

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Sergä öz gaýtalanmajak el işleri bilen amaly-haşam sungatynyň ussatlary bolan keramikaçylar, zergärler, aýnanyň, mahmalyň ýüzüne surat çekmäge ezber nakgaşlar, milli lybaslary, ýantorbalary, üýtgeşik gurjaklary we başga-da birnäçe sungat eserlerini döredijiler hem gatnaşdy.

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Ýöne serginiň esasy gahrymanlary, elbetde, türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň elinden dörän nepisden näzik haly we haly öňümleridir.

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Ekspozisiýanyň merkezi bölegini «Haly halkymyzyň milli buýsanjydyr” atly haly we haly öňümleriniň çeper döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bolan naýbaşy eserler tutýar.

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Olaryň arasynda halylaryň nusgawy we häzirkizaman görnüşleri, tebigatyň keşbini janlandyrýan diwarlyklar we ýadygärlik önümler bar.

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Şeýle-de, birmahallar gap-gaç, egin-eşik saklamak üçin öý-goşlary hökmünde giňden ulanylan horjunlar, çuwaldyr torbalar hem bar. Bularyň barysy – “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň halyçy zenanlarynyň ellerinden dörän ajaýyp eserlerdir.

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Olar hem, müňlerçe ýyl ozal ene-mamalary kimin, el hünäriniň üýtgeşik ajaýyp nusgalaryny döredip, tutuş dünýädäki türkmen halylarynyň muşdaklaryny haýrana goýýarlar. Asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary halyçylyk sungatyny nesilden nesle geçirmek bilen birlikde, çeperçilik ussatlygyny we önümçilik usulyny kämilleşdiripdirler.

2019-njy ýylda türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň çeper elli halyçylarynyň ussatlygyna dünýä derejesinde goýulýan sarpadyr. Şu nukdaýnazardan, her ýyl döwlet derejesinde bellenilýän Haly baýramy türkmen halyçylyk sungatynyň milli aýratynlyklarynyň ýüze çykmagyna we ýaýbaňlanmagyna goşant goşýar.

Şu gün Aşgabatda türkmen halylaryna sarpa goýýanlaryň Bütindünýä Assosiasiýasynyň maslahaty, şeýle-de, “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň iň gowy halyçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Haly sungatynyň tapawutlanan ussatlaryna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlar dakyldy.

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

20220529_113306.jpg

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

20220529_112859.jpg

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

Туркменистан отмечает Праздник туркменского ковра

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026