HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kazandan we Dubaýdan Türkmenistana gaýtmak üçin petekleri elektron poçta arkaly öňünden edinip bolar

Maý 29, 2022 | 22:27 |18122
“Türkmenistan” awiakompaniýasy resmi saýtynda elektron poçtalaryň salgylaryny ýerleşdirdi. Şolaryň üsti bilen Russiýadan hem-de BAE-den Türkmenistana uçýan ugurlar boýunça petekleri öňünden satyn alyp bolar. Şeýle hem saýtda bu ýurtlardaky wekilhanalaryň anyk telefon belgileri ýerleşdirildi.“Türkmenistan” awiakompaniýasy resmi saýtynda elektron poçtalaryň salgylaryny ýerleşdirdi. Şolaryň üsti bilen Russiýadan hem-de BAE-den Türkmenistana uçýan ugurlar boýunça petekleri öňünden satyn alyp bolar. Şeýle hem saýtda bu ýurtlardaky wekilhanalaryň anyk telefon belgileri ýerleşdirildi.
Çeşme:

“Türkmenistan” awiakompaniýasy resmi saýtynda elektron poçtalaryň salgylaryny ýerleşdirdi. Şolaryň üsti bilen Russiýadan hem-de BAE-den Türkmenistana uçýan ugurlar boýunça petekleri öňünden satyn alyp bolar. Şeýle hem saýtda bu ýurtlardaky wekilhanalaryň anyk telefon belgileri ýerleşdirildi.

Kazan-Türkmenabat ugry boýunça gatnawlara petekleri 30-njy maýdan başlap öňünden belläp bolar. Şunda avia@itmgroup.ru diýen elektron salga pasportyň skan nusgasyny ibermek, beýan edýän hatyňda habarlaşmak üçin anyk telefon belgiňi we uçmagy meýilleşdirýän takyk wagtyňy görkezmek gerek.

Kazan-Türkmenabat ugrunyň tygşyt-dereje üçin peteginiň bahasy puluň alyş-çalyş nyrhynyň ýagdaýyna baglylykda, 24-25 müň rubl töweregi bolar. Goşmaça maglumatlary +8(812) 4599899 we +79119300080 telefonlara jaň etmek arkaly habarlaşyp bilip bolar.

Dubaý-Türkmenabat ugry boýunça gatnawlara petekleri şu ticket.mida@gmail.com salga hat ýazyp, öňünden belläp bolar. Has giňişleýin maglumatlary +971502800508 we +971525777762 telefonlara jaň edip anyklap bolar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň şu saýtyndan Kazan-Türkmenabat ugrunyň ýolagçylary üçin bellenen düzgünler bilen tanşyp bolar hem-de ýola düşmek üçin zerur bolan hemme lukmançylyk resminamalaryny anyklap bolar.

Kazandan Türkmenistana gatnawlary her hepdäniň çarşenbe güni ýerine ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatladýarys. Dubaýdan Türkmenabada howa gämileri her hepdäniň duşenbe güni ugrar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026