HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” seýilgähi çagalaryň konsertine çagyrýar

Maý 26, 2022 | 06:07 |13912
Şäherlileriň dynç alýan söýgüli ýeri bolan,  esasan, “Birinji park” diýlip tanalýan  paýtagtymyzyň “Aşgabat” seýilgähinde – 27-nji maýda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanylan konsert geçiriler.Şäherlileriň dynç alýan söýgüli ýeri bolan,  esasan, “Birinji park” diýlip tanalýan  paýtagtymyzyň “Aşgabat” seýilgähinde – 27-nji maýda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanylan konsert geçiriler.
Çeşme:

Şäherlileriň dynç alýan söýgüli ýeri bolan, esasan, “Birinji park” diýlip tanalýan paýtagtymyzyň “Aşgabat” seýilgähinde – 27-nji maýda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanylan konsert geçiriler.

Çagalar baýramynyň maksatnamasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde söýgüli multfilmlerden we başdan geçirmeler baradaky filmlerden meşhur aýdymlar bolar. Orkestriň sazynyň ýaňlanmagynda tans toparlary hem-de beýleki artisler ajaýyp çykyşlary bilen begendirerler.

Guramaçylar çagalar üçin aýdym-sazly ýumuşlary bolan dynç alyş oýunlaryny, dürli ugurlara degişli sowal-jogaply bäsleşikleri hem-de özüne çekiji karaoke-ýaryşlaryny meýilleşdirdiler.

Столичный парк «Ашхабад» приглашает на детский концерт

Çagalaryň-da, ata-eneleriň-de içi gysmaz. Şäheriň amatly “Aşgabat” seýilgähi bu ýere gelýänleri güýmenjeleri bilen hemişe özüne çekip gelýär: ýaşlar surata düşülýän owadan ýerleri halaýarlar, olar bu ýerlere ýadygärlik surata düşmek üçin gelýärler, gadymy äpet jandarlaryň şekilleri oturdylan dinozawrlaryň orun tutan künjegi hemişe köp adamly, işjeň dynç almagy halaýanlar bolsa, attraksionlara we hiňňilliklere barýarlar ýa-da welosipedlerde, skeýtbordlarda hem-de ýörite gurnalan meýdançada aşagy tigirçekli roliklerde aýlanýarlar.

Baýramçylyk dabaralary we köpçülikleýin gezelençler 17:00-da başlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026