HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda golfy ösdürmäge isleg bildirýärler

Maý 26, 2022 | 02:13 |9633
Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda golfy we sport ulgamyny ösdürmek işine gatnaşmaga bolan isleglerini beýan etdiler.Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda golfy we sport ulgamyny ösdürmek işine gatnaşmaga bolan isleglerini beýan etdiler.
Çeşme:

Amerikanyň işewür toparlary golf oýnuny ösdürmekde we ýaýbaňlandyrmakda Türkmenistana goldaw bermegi, şeýle-de, umumy sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýär.

Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we Nicklaus Companies kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Džon Riwz bilen sişenbe güni bolan duşuşygynda gürrüň edildi – diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri Amerikanyň sport ulgamynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň Türkmenistanyň sportda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini we hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýändigini belläp geçdiler.

Şeýle-de, duşuşykda işewür toparlaryň, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine maýa goýumlaryny goýmak arkaly, iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlasyldy.

2017-nji ýylda Nicklaus kompaniýalar toparynyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar künjeginde Aşgabat golf-klubunyň taslamasy ýerine ýetirilipdi. “Ýyldyz” myhmanhanasynyň ýanynda yerleşen ýurduň ilkinji golf-meýdançasy 70 gektar meýdany eýeleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026