Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Tähranda YHG-na agza ýurtlaryň diplomatlary Aşgabat ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegine garaýarlar

Maý 24, 2022 | 20:00 |11607
Duşenbe güni, 23-nji maýda Tähranda YHG-niň sekratariýatynda YHG-ny özgertmek işi boýunça örän işjeň häsiýetli iki günlük ara alyp maslahatlaşma başlandy. Çäre agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçýär.Duşenbe güni, 23-nji maýda Tähranda YHG-niň sekratariýatynda YHG-ny özgertmek işi boýunça örän işjeň häsiýetli iki günlük ara alyp maslahatlaşma başlandy. Çäre agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 23-nji maýda Tähranda YHG-niň sekratariýatynda YHG-ny özgertmek işi boýunça örän işjeň häsiýetli iki günlük ara alyp maslahatlaşma başlandy. Çäre agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçýär. Mejlisde Türkmenistana Wepa Hajyýew wekilçilik edýär. Şeýle hem duşuşyga Owganystandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Täjigistandan Türkiýeden we Özbegistandan wekiller gatnaşýarlar.

YHG-niň baş sekretary Husraw Noziri tarapyndan açylan ýokary derejeli duşuşyk umymy mejlisi hem-de işçi toparlaryň ikisiniň duşuşygyny özünde jemleýär.

Реализацию Ашхабадских договоренностей рассматривают дипломаты стран-членов ОЭС в Тегеране

Mejlis birnäçe anyk meselelere, aýratyn-da, pandemiýadan soňky döwürde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýollaryna we serişdelerine garamaga hem-de Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň ilkinji gününde sebit söwdasynyň we özara arabaglanyşygynyň, agza ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyl YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberi 40 milliard dollara ýakyn boldy, şoňa görä-de bu möçberi 500-600 milliard dollara çenli artdyrmak mümkinçiligi bar.

Реализацию Ашхабадских договоренностей рассматривают дипломаты стран-членов ОЭС в Тегеране

Şeýle hem taraplar agza ýurtlaryň arasyndaky üstaşyr geçirmek babatdaky işleriň giňeldilmelidigi, nyrhlaryň bolsa birmeňzeş bolmalydygy we agza döwletleriň arasynda ylalaşylmalydygy barada bir pikirde boldular.

Duşuşyk, şeýle hem Guramanyň, YHG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň netijeliligini we işjeňligini artdyrmak, YHG-niň taslamalaryny maliýeleşdirmek we durmuşa geçirmek üçin utgaşdyrmagyň gurallaryny işläp taýýarlamak baradaky meselelere bagyşlanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026