Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň aragatnaşyk ministrleri “TEKNOFEST Azerbaýjan” festiwalynda duşuşarlar


Türki döwletleriň Guramasyna agza ýyrtlaryň maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary ministrleriniň duşuşygy şu hepdäniň içinde, ýagny 26-njy maýda Baku şäherinde geçirilýän “TEKNOFEST Azerbaýjan” aerokosmiki tehnologiýalar festiwalynyň çäklerinde geçiriler.
Oňa Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Wengriýa döwletleri çagyryldy – diýip, “AZERTAC” habar berýär.
Guramanyň Baş sekretary tarapyndan duşuşygyň netijeleri boýunça teswirnama gol çekilmegine garaşylýar. Umuman, 4 gün dowam etjek festiwala 200 müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna, şol sanda 33 ýurtdan daşary ýurtly myhmanlaryň 500-üsine garaşylýar.
TEKNOFEST aerokosmiki tehnologiýalar festiwaly Türkiýäniň Senagat we tehnologiýalar ministrligi we Tehnologiki toparyň Türkiýe gaznasy (fondy) tarapyndan her ýyl 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär (şu güne çenli 4-üsi geçirildi).

Ilkinji sapar Türkiýäniň daşynda TEKNOFEST şu ýylyň 26-29-njy maýy aralygynda Ajerbaýjanyň Baku Crystal Hall binalar toplumynda we oňa ýanaşyk ýerleşen Primorskiý bulwarynyň çäginde geçiriler.
“TEKNOFEST Azerbaýjan” festiwalynyň guramaçylary – Türkiýe Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag Ministrligi, Senagat we tehnologiýalar ministrligi we Tehnologiki toparyň Türkiýe gaznasy bolup, olar bu çäräniň uly gyzyklanma eýe boljakdygyna we oňa müňlerçe adamyň gatnaşjakdygyna ynam bildirýärler.
ORIENT news








