HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda halkara howa gatnawlarynyň ýolagçylaryna bildirilýän talaplar çap edildi

Maý 24, 2022 | 00:58 |72259
“Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasy, halkara howa gatnawlarynyň ýolagçylary üçin Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda uçuşlaryň täzeden başlamagyndan soň güýje girýän talaplary çap etdi.“Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasy, halkara howa gatnawlarynyň ýolagçylary üçin Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda uçuşlaryň täzeden başlamagyndan soň güýje girýän talaplary çap etdi.
Çeşme:

“Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasy, halkara howa gatnawlarynyň ýolagçylary üçin Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda uçuşlaryň täzeden başlamagyndan soň güýje girýän talaplary çap etdi.

Türkmenistandan gidýänler üçin:

– Türkmenistandan daşary ýurda ugramak üçin uçara münmezden ozal ýolagçylar barmaly ýurdunyň talaplaryna laýyk gelýän resminamalaryny görkezmeli;
– interaktiw kartany ulanmak arkaly bu ýollamada ýurtlaryň talaplary bilen tanşyp bilersiňiz.

Türkmenistana gelýänler we üstaşyr ýolagçylar üçin:

– Ýolagçylar Türkmenistana gelenden soň, rus, iňlis ýa-da türkmen dilinde COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminasyny görkezmeli;
– COVID-19 barlagyndan uçuşdan iň az 48 sagat öň geçilmelidir;
– Ýolagçy, COVID-19 bilen baglanyşykly saglygynyň ýagdaýy we ýerleşýän ýeri barada görnüşi doldurmaly (nusgany şu ýollamadan ýükläp bilersiňiz);
– howa menzilinde we uçarda lukmançylyk örtügini geýmeli (5 ýaşa çenli çagalardan başgalar).

Şeýle hem, howa ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň saýtynda Türkmenistana gelýänlere bildirilýän aşakdaky hökmany talaplar görkezilendir:

– COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymyň edilendigini we bedende antitelolaryň bardygyny tassyklaýan resminamasynyň bolmagy;
– 21 gün karantini geçmeklik.

Ozal wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew hökümet mejlisinde daşary ýurtlar bilen yzygiderli gatnawlary täzeden başlamak meýilnamalary barada hasabat berdi. Onuň habar bermegine görä, bu teklip ýöriteleşdirilen hünärmenler we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan berildi.

Daşary ýurtlara uçuşlaryň gaýtadan başlanjak takyk senesi barada habar berilmedi. Emma Türkmenistanda 1-nji iýundan agyz-burun örtüklerini açyk ýerlerde aýyrmak we 25-nji maýdan içerki gatnawlary açmak meýilnamalary barada aýdyldy.

Howa ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň saýtyndaTürkmenistana uçuşlaryň 2022-nji ýylyň 5-nji iýunyna çenli togtadylandygy aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

22:30 Noýabr 10, 2026
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026