Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: Beýik Britaniýa Jet A-1 görnüşli awiakerosin satyn aldy

Maý 22, 2022 | 20:47 |11236
Şenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Beýik Britaniýanyň wekili Jet A-1 görnüşli awiakerosiniň 5 müň tonnasyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Şenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Beýik Britaniýanyň wekili Jet A-1 görnüşli awiakerosiniň 5 müň tonnasyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Şenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Beýik Britaniýanyň wekili Jet A-1 görnüşli awiakerosiniň 5 müň tonnasyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Harydyň bahasy bir tonnasy üçin $1 033,25 kesgitlendi. Geleşigiň umumy bahasy $5,1 million deň boldy.

Jet A-1 görnüşli awiakerosin howa ulaglaryna niýetlenilen çuňňur arassalanan ýangyç bolup, Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýalarynyň howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýar. Önümçilik 2021-nji ýylda Türkmenbaşydaky NGIZ toplumynda ýola goýuldy.

Duşenbe güni, 23-nji maýda söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026