Paýtagtymyzdaky 21-nji orta mekdebiň okuwçylary “Adalat ugrunda bilim” diýen temada çekişmelere gatnaşdylar


Şu gün Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde wirtual dünýäde çagalaryň howpsuzlygy we jenaýatyň öňüni almak ýaly derwaýys temalara bagyşlanan “açyk sapak” görnüşli okuwlar geçirildi.
Mekdep sapaklaryna ABŞ-nyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky wekilhanasynyň halkara bilermenleri, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we “Iş nokady” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Gazagystanyň we Özbegistanyň sebit bölümlerinden halkara guramalaryň işgärleri bu çärä uzak aralykdan, ýagny distansion gatnaşdylar.

“Açyk sapaklaryň” guramaçylary bolan BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň bilermenleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň hünärmenleri ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Winrock International” guramasy tarapyndan amala aşyrylýan “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy bilen bilelikde, şu ýylyň ýanwar aýynda şäheriň 21-nji orta mekdebiniň mugallymlary üçin okuwlary (treningleri) geçirdiler.

Bu gün mugallymlar öz alan bilimlerini okuwçylary bilen paýlaşýarlar. “Adalat ugrunda bilim” tematiki sapaklara diňleýji bolup, 4-nji we 9-njy synp okuwçylar gatnaşdylar, okuwlar ýaş aýratynlyklaryna görä kesgitlenen.
Kiçi synp okuwçylar bilen mugallym Oganesýan Romella Iwanowna “Howpsuz internet” barada söhbet etdi. Ol çagalara multfilmleriň gahrymanlarynyň mysalynda bütindünýä internet toruny howpsuz we paýhasly ulanmagyň esasy düzgünleri barada gürrüň berdi. Wirtual torda çagalaryň gabatlaşyp biläýjek, olar üçin mümkin howply bolan her bir ýagdaý we pursatlar intellektual oýunlaryň üsti bilen keşp janlandyrmak arkaly oýnaldy, okuwçylar ýumuşlary ýerine ýetirip jogaplary bermäge çynlakaý çemeleşdiler.

Mugallym maglumatlara baý sapagyny gepleşik, ýagny dialog görnüşinde gurnady. Onuň dellillendirilen gyzykly düşündirişleriniň berlen mowzuk boýunça dörän çaga pikirleri bilen utgaşykly gezekleşmesi okuwçylaryň onlaýn-giňişlikde özüni alyp barmagyň howpsuz ýollary barada pikirlenip ugrandygyny görkezdi.

Görkezme esbaplarynyň we wideomateriallaryň üsti bilen okuwçylar onlaýn-internetde eýerilmegi zerur bolan howpsuzlygyň esasy düzgünlerini göz öňüne getirip anyk bilmekleri üçin tankydy pikirlenme endiklerini öwrendiler.
Romella Oganesýanyň tema düşündirişi ýaşajyk diňleýjileriň aýratyn çemeleşme talabyna laýyk bolupdy. Okuwçylaryň ýerine ýetiren gönükmeleri we ýumuşlary olarda internet bilen baglanyşykly otrisatel tejribelerini ýüze çykarmaga gönükdirilmedi. Kiçi synp okuwçylaryň onlaýn görnüşde gören ýa-da eşiden zatlary sebäpli gorky, utanç duýgularyny başdan geçirmezliklerine aýratyn üns berildi.

Sapagyň ahyryna çenli çagalar “synanyşmak we ýalňyşmak” usuly bilen interneti howpsuz ulanmagyň özlerine düşnükli bolan ýörelgelerini kesgitlediler. Olar bu ýörelgeleri öz dostlary we deň-duşlary bilen paýlaşyp bilerler. Geçilen okuw boýunça çykaran netijelerini we düzgünlerini okuwçylar bildiriş hökmünde reňkli görnüşde beýan edip we suratlara geçirip, ‘ýatlama’ hökmünde diwardan asdylar.
Sapak gutarandan soň, “Iş nokady” kompaniýasynyň direktory Jemile Kerimowa logikany, pikirleniş ukybyny ösdürmäge ýardam berýän Minecraft programmirleme kurslaryna gatnamak üçin çagalara sowgatlyk sahadatnamalary gowşurdy.

Öz gezeginde ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze daşary ýurtly awtorlaryň ajaýyp kitaplarynyň türkmen dilindäki neşirlerini mekdep kitaphanasyna sowgat berdi.
– Häzirkizaman ýazyjylarynyň bu eserleri çagalara durmuşyndaky ýagşy we ýaman hadysalardan baş alyp çykmaga ýardam berer.

Biziň çylşyrymly dünýämizde, şol sanda wirtual giňişlikde, özüni gorap bilmegi üçin – ýaşlara hüşgär bolmagy we dürs bilimlerden “ýüküni tutmagy” arzuw edýärin – diýip, Nino Nadiradze çagalara ýüzlenip eden çykyşynda aýtdy.

Ýokary synp okuwçylary “Adam söwdasy” diýen başga bir wajyp meseläni hem ara alyp maslahatlaşdylar. Mugallym Çaryýewa Suraý Sahytowna, miltimedia enjamlaryny we okuw wideoýazgylaryny ulanmak bilen, “açyk sapagy” iňlis dilinde geçdi.

Mugallym ýaşlara bu düýpli mesele hakynda her bir adamyň bilmeginiň zerurdygy barada gürrüň berdi. Ol jenaýatçylaryň nähili yzygiderlikde işleýändiklerini düşündirdi: gürrüň adamlary fiziki taýdan ulanmak, mysal üçin, mejbury işletmek, gul hökmünde ulanmak ýa-da içki organlaryny almak maksady bilen aldaw ýoly arkaly olary boýun egdirmek, başga ýerlere äkitmek we bukup saklamak barada barýar.
Okuwçylar mugallym bilen birlikde, adamlaryň nähili ýagdaýda bu söwdanyň pidasy bolýandyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çekişmede haýbat atmak, güýç ulanmak, aldawçylygyň usullary, galplyk we ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly ulanylýan çärelere-de deglip geçildi. Bu ýaramaz işiň bir ýurduň çäginde bolşy ýaly, serhetara çäklerde hem amala aşyrylyp bilinjekdigi bellenildi.

Mugallym bu meselä migrantlary bikakun getirmegiň hem degişlidigini nygtap geçdi. Bu hadysa adamlara dürli hili täsir edýär.
Leksiýa soňabaka gyzgalaňly söhbetdeşlige we çekişmä ýazyp gitdi – okuwçylaryň berýän sowallaryna mugallym durmuşdan mysal getirmek bilen, wideoýazgylar arkaly döreýän, ýaýbaňlanýan wakanyň bolup biljek görnüşlerini düşündirdi. Okuwçylar kimiň hak – kimiň günälidigini seljerip, uly gyzyklanma bilen, meseläniň kanuny tarapyna-da seredip geçdiler.
Sapagyň soňunda 9-njy synp okuwçylara “Iş nokady” kompaniýasy tarapyndan “Speaking club” kursuny tamamlandyklary barada şahadatnamalar gowşuryldy we olara ylymly-bilimli, üstünlikli adamlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi.
“Açyk sapagyň” ähli diňleýjilerine tematiki sapaga gatnaşandygy barada hasaba alnan şahadatnamalar berildi we olar ýadygärlik surata düşdüler.
– Bu işlenip düzülen maksatnamany Türkmenistanyň hökümetiniň milli derejede orta we ýokary okuw bilim ulgamlarynda durmuşa geçirip bilmegi üçin “açyk sapakda” modullar we mowzuklar boýunça ulanylan okuw materiallaryny biz Türkmenistanyň Bilim ministrligine gowşurarys – diýip, “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Şemşat Muhammetgulyýewa habar berdi.
ORIENT news








