HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: suwuklandyrylan gazyň bir tonnasynyň bahasy $465 ýetdi

Maý 22, 2022 | 02:26 |11917
Anna güni, 20-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $4,6 million we 540,2 million manat bolan   geleşikleriň 35-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni, 20-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $4,6 million we 540,2 million manat bolan   geleşikleriň 35-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Anna güni, 20-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $4,6 million we 540,2 million manat bolan geleşikleriň 35-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Suwuklandyrylan gazyň bahasy mundan öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 1,2% peseldi we bir tonnasy $465 deň boldy. BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri umumy bahasy $4,6 million bolan türkmen suwuklandyrylan gazynyň jemi 10 müň tonnasyny satyn aldylar.

Russiýadan gelen wekil $33 müň tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleri satyn almaga geleşik baglaşdy. BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleri 221,8 müň manatyk elde dokalan halylaryň dürli görnüşlerini satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler umumy bahasy 540 million manada deň bolan 80 müň tonna( tonnasy 6 750 manat) tehniki kükürdi hem-de 38,1 müň manatlyk el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026