HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wise-premýeri GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Maý 21, 2022 | 04:23 |13759
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetdurdy Muhammedow Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň anna güni Gazagystanyň premýer ministri Alihan Smailowyň başlyklyk etmeginde geçirilen hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetdurdy Muhammedow Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň anna güni Gazagystanyň premýer ministri Alihan Smailowyň başlyklyk etmeginde geçirilen hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetdurdy Muhammedow Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň anna güni Gazagystanyň premýer ministri Alihan Smailowyň başlyklyk etmeginde geçirilen hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Şeýle hem wideomaslahat arkaly geçirilen mejlise Azerbaýjanyň hökümet baştutany Ali Asadow, Belarusyň hökümet baştutany Roman Golowçenka, Gyrgyzystanyň hökümet baştutany Akylbek Japarow, Russiýanyň hökümet baştutany Mihail Mişustin, Täjikistanyň hökümet baştutany Kohir Rasulzoda, Özbegistanyň hökümet baştutany Abdulla Aripow hem-de Ermenistanyň wise-premýeri Mger Grigorýan we GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda ýolbaşçylar ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, özara söwdanyň möçberini we onuň dwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini artyrmak, senagat kooperasiýasy hem-de GDA ýurtlarynyň bäsdeşlik artykmaçlyklarynyň mümkinçiligini ulanmak boýunça pikir alyşdylar.

Вице-премьер Туркменистана принял участие в заседании Совета глав правительств СНГ

Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň arasynda işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ösdürilmegine ýardam bermek maslahatlaşylan ýene-de bir meseleleriň biri boldy. Şeýle hem howanyň üýtgemegi we kiberhowpsuzlygynyň howplary baradaky meselelere deglip geçildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminalara, şol sanda Biologik serişdeleri alyşmak baradaky ylalaşyga, GDA gatnaşyjy döwletleriň umumy ylmy-tehnologiýa giňişligini döretmek hakynda ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek baradaky Teswirnama, şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň Üzümçiligi we çakyr önümçiligini has-da ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň konsepsiýasy hakyndaky we ony amala aşyrmak baradaky esasy çäreleriň Meýilnamasy hakyndaky, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin Oba hojalyk maldarçylygynyň önümçiliginde genetik serişdeleriniň biologik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki hereketleriň toplumy hakyndaky, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin GDA gatnaşyjy döwletleriň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň Meýilnamasy hakyndaky, “GDA-nyň ýaşlarynyň paýtagty” atly halkara taslamasy hakyndaky, geljegi uly ylmy taslamalaryň Sanawy hakyndaky çözgütlere we beýlekilere gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026