HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň birinji wise-premýeri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara aylyp maslahatlaşdy

Maý 21, 2022 | 18:58 |12575
Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň birinji wise-premýeri Roman Sklýar kabul etdi. Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady we nebitgaz pudaklarynda, senagat we obasenagat toplumlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýandygy tassyklanyldy.Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň birinji wise-premýeri Roman Sklýar kabul etdi. Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady we nebitgaz pudaklarynda, senagat we obasenagat toplumlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýandygy tassyklanyldy.
Çeşme:

Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň birinji wise-premýeri Roman Sklýar kabul etdi. Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady we nebitgaz pudaklarynda, senagat we obasenagat toplumlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýandygy tassyklanyldy. Şeýle hem türkmen gazyny Gazagystana ibermek baradaky anyk mesele, Türkmenistanda däne saklamaga niýetlenen terminaly gurmak boýunça taslama ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýakynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewden Türkmenistanyň Prezidentine gelen hatda goňşy ýurduň baştutany, hususan-da, energetika, logistika, senagat we oba hojalygy ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin güýçli itergi bolup biljekdigini belledi.

Kasym-Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň güýzünde Türkmenistana bolan saparynyň barşynda iki ýurduň Liderleriniň ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki taslamalaryň geljeginiň uly boljakdygy, şeýle hem türkmen-owgan serhedinde däne terminalyny gurmak barada bir pikire gelendiklerini ýatlady.

Şunuň bilen baglylykda, gazak lideri bu taslamalaryň üstünde ýokary hilli işlemek üçin premýer-ministriň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetini türkmen paýtagtyna ugradýandygyny belledi.

Aşgabada Gazagystanyň uly wekiliýetiniň gelmegi hem-de umumy meseleler bilen birlikde, bilelikdäki anyk taslamalar boýunça gepleşikleriň maksada gönükdirilen yzygiderliligi türkmen gazyny Gazagystana ibermek hem-de Türkmenistanyň çäginde galla saklamak üçin niýetlenen iri desgany gurmak boýunça ozallar göz öňünde tutulan maksatlaryň ýakyn geljekde anyk iş häsiýetine geçmegine garaşmaga mümkiniçlik berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026