Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň we Ahalyň iri gurluşyklaryny gözden geçirdi


Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyny gözden geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz dikuçarda ilki bilen täze welaýat merkeziniň çäklerinden uçuş geçirdi. Bu ýerde geljekki şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň, dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň onlarçasy peýda bolup, täze dolandyryş merkeziniň aýdyň keşbini eýýäm emele getirip başlady.

Şondan soňra Prezidentimiz dikuçardan Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda gurlup, ulanyşa tabşyrmaga taýýar edilýän hojalyk toplumyny – Energetika enjamlaryny abatlaýyş merkezini synlady. Merkeziň açylmagy bilen, elektroenergetika pudagynyň hyzmat ediş düzümi täze derejä çykar.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Gurtly we Köşi ýaşaýyş toplumlarynda alnyp barylýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny synlady, Magtymguly şaýolunyň ugrunda bina edilýän «Daşkent» seýilgähine üns berdi. Soňra döwlet Baştutanymyzyň barýan ugry Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binasynyň, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, şeýle hem şäheriň gündogar böleginde täze söwda merkeziniň gurulýan ýerleriniň üstünden geçdi.
Aşgabadyň günortasynda-da, şol sanda Parahat-7-niň töwereginde depginli gurluşyklar dowam edýär. Bu ýaşaýyş toplumynyň ösüş depginine baha berip, hormatly Prezidentimiz dikuçarynda Köpetdagyň eteklerine tarap ugur aldy hem-de Magtymguly-Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda gondy.

Bu ýerde wise-premýer Çarymyrat Purçekow we Aşgabadyň häkimi Rüstem Gandymow Serdar Berdimuhamedowa türkmen nusgawy şahyrynyň belent heýkeli ýerleşdirilen seýilgähiň bezelişine hem-de paýtagtymyzyň ýol-ulag ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyşyna degişli taslamalary görkezdiler.
Şeýle hem bu ýerde Russiýanyň «Wozroždeniýe» holdinginiň ýolbaşçysy meýilleşdirilen çyzgylaryň we dizaýn-maketleriň mysalynda döwlet Baştutanymyza Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanynyň Garabogazdan Gazagystanyň serhedine çenli böleginiň taslamasy barada giňişleýin maglumat berdi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň Köpetdag şaýolunyň durkuny täzelemek hem-de Aşgabadyň daşyndan aýlanýan aýlawly ýoly döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipler beýan edildi. Şeýle hem Bukato dag tarapdan paýtagtymyzyň günorta çäkleriniň ýanynda sil suwundan goraýjy toplumyň gurluşygy barada jikme-jik gürrüň berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow seýilgäh toplumynda bolmagynyň dowamynda Magtymguly binasynyň töweregindäki giň meýdanyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy hem-de bu taryhy-medeni taslamany ýokary hilli we doly derejede tamamlamak üçin mundan beýläkki işleri alyp barmak we bu iri toplumyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklary berdi.
ORIENT news








