HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow täze iş orunlaryny döretmek boýunça wezipeleri goýdy

Maý 20, 2022 | 18:27 |11009
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,8 milliard manada deň boldy.Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,8 milliard manada deň boldy.
Çeşme:

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,8 milliard manada deň boldy. Ýylyň ilkinji dört aýynda ýurdumyzda täze hojalyk subýektleriniň 492-si bellige alnyp, şolarda 1,7 müňe golaý iş orunlary döredildi. Şeýle sanlar penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hökümetiň agzalary bilen sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň dowamynda beýan edildi.

Esasan maýa goýumlaryny netijeli özleşdirmek hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmek baradaky meselelere garalan mejlisde ýanwar-aprel aýlarynda hemme düýpli maýa goýumlarynyň 59%-niň durmuş ulgamyna, 41%-niň bolsa ýurduň senagat kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Wise-premýerler döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän pudaklarynda önümçilik binýadyny giňeltmek we iş orunlarynyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hususan-da, täze kärhanalaryň açylmagynyň hasabyna senagat ulgamynda iş bilen üpjün edilişiniň görkezijileriniň ep-esli artandygy bellige alyndy.

Сердар Бердымухамедов поставил задачи по созданию новых рабочих мест

Şeýle-de bolsa, Prezident bu babatda öňde heniz hem ýene-de köp işleriň ýerine ýetirilmelidigini hem-de bu işleriň ýurdumyzyň welaýatlaryny has-da ösdürmek, onuň senagat taýdan diwersifikasiýalaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iş orunlaryny döretmek, tebigy serişdeleri aýawly ulanmak, işewürleriň işjeňligini höweslendirmek, içerki we daşarky maýa goýumlaryny çekmek boýunça esasy wezipeleri kesgitledi. Bu bolsa, umuman, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026