Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň holdinginiň ýolbaşçysy bilen bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdy


Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Wozroždeniýe» rus holdinginiň baştutany Igor Bukato bilen duşuşygynyň dowamynda Aşgabadyň günorta serhetleriniň ýanynda sil suwuny sowujy desgalar ulgamynyň gurluşygynyň öňe ilerledilişi esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
«Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toplumynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza bu möhüm inženerçilik-tehniki taslamanyň şertnama borçnamalaryna laýyklykda durmuşa geçirilişi boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanda ýol-ulag düzüminiň birnäçe iri desgalarynyň gurluşygyny amala aşyran kompaniýanyň mundan beýläk-de özara hereket etmegi maksat edinýändigi barada aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» bilen gatnaşyklaryň netijeli tejribesine baha berip, hyzmatdaşlyk etmek üçin türkmen tarapynyň açykdygyny belledi hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we ýörelgelerini kesgitledi.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident hem-de taslama-gurluşyk holdinginiň ýolbaşçysy Türkmenistanda düzümleýin ulgamlary düýpli döwrebaplaşdyrmaga degişli alnyp barylýan işler babatda geljekde özara gatnaşyk etmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
* * *

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň DIM-de wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirildi. Duşuşyga “Wozroždeniýe” toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato hem-de rus ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdylar.
ORIENT news








