HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýada muzdsuz bilim almak üçin bäsleşik yglan etdi

Maý 17, 2022 | 00:49 |19095
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça muzdsuz bilim almaga bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş şu gün resmi metbugatda peýda boldy.Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça muzdsuz bilim almaga bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş şu gün resmi metbugatda peýda boldy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça muzdsuz bilim almaga bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş şu gün resmi metbugatda peýda boldy.

Bäsleşige gatnaşmak üçin umumy orta ýa-da orta bilimli we iňlis dilinde gürläp bilýän 18 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky adamlar ýüz tutup bilerler. Rumyniýada okamagyň mümkinçilikleri barada has giňişleýin maglumatlary Aşgabatdaky we ýurduň welaýatlaryndaky kabul ediş toparynyň agzalaryndan alyp bolar.

Okuwa gerekli resminamalar 16-njy maýdan 24-nji maý aralygynda kabul ediler.

Giriş synaglary 27-30-njy maý aralygynda geçiriler.

Конкурс на бесплатное обучение в Румынии

Resminamalary kabul etmek aşakdaky bilim edaralarynda amala aşyrylýar:

– Aşgabat şäherindäki we Ahal welaýatyndaky dalaşgärler üçin Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde. (Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 31. Tel.: +99312946990, +99312945429)

– Balkan welaýatyndaky dalaşgärler üçin Balkanabat şäherindäki tebigy bilim derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde. (14-nji ýaşaýyş jaý toplumy. Tel: +99322220708, +99322220706)

– Mary welaýatyndaky dalaşgärler üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda. (Mary, Baýramhan köçesi, 62. Tel: +99352257502, +99352257517)

– Lebap welaýatyndaky dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda. (Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7. Tel: +99342236630, +99342236587)

– Daşoguz welaýatynyň dalaşgärleri üçin Türkmen oba hojalyk institutynda. (Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, j. 94. Tel: +99332293392, +99332292747).

Конкурс на бесплатное обучение в Румынии

Saýlanyp alynmaga bellik etdirmek üçin zerur resminamalar

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
— umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
— COVID-19-a garşy sanjym geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

Şeýle hem okuwa girjeklere aşakdaky resminamalaryň nusgasy gerek bolar

— Türkmenistanyň raýatynyň pasporty hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenleriň harby şahadatnamasy, harby gullugy geçmedik ýigitleriň ýazylyş şahadatnamasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär. Test – ýazmaça, söhbetdeşlik – dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026