HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awaza gitmegiň onlaýn arklay resminamalarynyň düzedilişi – düzgün

Maý 15, 2022 | 19:58 |140025
15-nji maýda Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi resmi taýdan başlanýar. Syýahatçylyga ugramak üçin dynç aljaklara birnäçe amallary, şol sanda onlaýn arkaly işleri geçmek zerur bolar. ORIENT nähili geçilýändigini gürrüň berýär.15-nji maýda Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi resmi taýdan başlanýar. Syýahatçylyga ugramak üçin dynç aljaklara birnäçe amallary, şol sanda onlaýn arkaly işleri geçmek zerur bolar. ORIENT nähili geçilýändigini gürrüň berýär.
Çeşme:

15-nji maýda Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi resmi taýdan başlanýar. Syýahatçylyga ugramak üçin dynç aljaklara birnäçe amallary, şol sanda onlaýn arkaly işleri geçmek zerur bolar. ORIENT nähili geçilýändigini gürrüň berýär.

Bilmek üçin möhüm Awaza gitmegiň düzgüni üýtgäp biler. Eger şeýle bolsa, biziň ýetirýän habarlarymyza üýtgetme giriziler. Häzirki düzgün 2022-nji ýylyň 14-nji maýyndaky ýagdaýa görä güýjünde.

Zerur resminamalar

Awaza dynç almaga ugramak üçin Siz:

– pasportyň;
– syýahatçylyk ýollanmanyň
-nyny;
– COVID-19-a garşy sanjym edilendigi barada şahadatnamanyň elektron nusgalaryny görkezmeli bolarsyňyz.

Awaza gitmek üçin syýahatçylyk ýollanmasyny iş ýeriňizde kärdeşler arkalaşygy bölümine ýüz tutup ýa-da syýahatçylyk agentliginiň üsti bilen alyp bolar.

COVID-19-a garşy sanjym edilendigi barada şahadatnamalar sanjym alan saglygy goraýyş edaralaryňyzda berilýär.

Myhmanhanada otagy öňünden belläp buýurmak

Awazanyň islendik myhmanhanalaryndan otagy awaza.gov.tm diýen saýtdan öňünden belläp buýrup bolar. Munuň üçin:

– telefon belgiňi, elektron salgyňy görkezip, saýtda bellige girmeli;
– saýtyň baş sahypasyndan gözlegiň kömegi bilen gerekli myhmanhanaňy tapmaly;
– özüň barada hem-de myhmanhanada bolmagy maksat edinýän wagtyň barada gerekli maglumatlary doldurmaly.

Şeýle hem Awazanyň käbir myhmanhalarynda olaryň öz resmi saýtlaryndan, mysal üçin, “Bagtyýar” myhmanhanasynda saýtyndan otagy öňünden belläp buýrup bolar.

Elektron rugsatnamanyň resmileşdirilmegi

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň saýtynda Awaza gidip-gelmek üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek zerurdyr. Munuň üçin:

– şu salga giriň;
– bellikde duruň ýa-da “şahsy otaga” giriň;
– saýtyň ýokarsynda çep tarapda “şahsy maglumatlary girizmek+” («Ввод персональной информации +») diýen ýaşyl düwmejige basyp, özüň baradaky maglumatlary ýaz;
– dynç aljak bolýan myhmanhanaňyz we dynç alyş döwrüňiziň senesi baradaky maglumatlary girizeniňizden soň, “Awazada dynç almak üçin rugsatnamany resmileşdirmäge arza bermek” diýen düwmäni basyň.

Migrasiýa gullugy Siziň beren maglumatlaryňyzy seljerer hem-de “şahsy otagyňyza” elektron rugsatnamany ugradyp, bu barada bellige gireniňizde görkezen telefon belgiňize SMS arkaly habar berer.

Uçara petek satyn almak

Uçara petegi “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýty hem-de Android üçin we iOS üçin diýen mobil goşundylar arkaly ýa-da Google Play we App Store-dan hem Saray mobil goşundysy arkaly satyn alyp bolar.

Petek satyn almak üçin Size zerur pul möçberi bolan bank kartyňyz hem-de SMS-habarlar ulgamyna birikdirilmegiňiz gerek. Petek resmileşdirilende pasport maglumatlaryny dogry görkezmek möhümdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

23:30 Iýul 20, 2026
Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

23:22 Iýul 20, 2026
Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

23:13 Iýul 20, 2026