HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň wekiliýeti Türkmenistana geldi

Maý 13, 2022 | 23:22 |10194
Çarşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň ilkinji Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berýär.Çarşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň ilkinji Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme:

Çarşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň ilkinji Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem Matwiýenko Zenanlaryň dialogynyň umumy mejlisine gatnaşar, şonda işewürlikde, maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilişinde we sanlylaşdyrmagyň öňe ilerledilişinde zenanlaryň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşylar.

Matwiýenkonyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçysy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Federasiýa Geňeşiniň wekiliýetiniň düzümine, şeýle hem başlygyň orunbasarlary Galina Karelowa we Konstantin Kosaçew hem-de Federasiýa Geňeşiniň halkara işleri, ylym, bilim we medeniýet, şeýle hem durmuş syýasaty boýunça komitetleriniň ýolbaşçylary girdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Parlamentara forumy hem-de Zenanlarynyň dialogy Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda 12-13-nji maýda geçiriler.

Bu çäreleriň parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda gatnaşyklary pugtalandyrmakda we möhüm durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa meselelerini çözmekde täze mümkinçilikleri açmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026