Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder


Amerikanyň NVIDIA tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jensen Huang 12-nji noýabrda kompaniýanyň prezidenti we baş direktory wezipelerinden, şeýle hem direktorlar geňeşiniň agzalygyndan çekildi. Bu barada kompaniýanyň resmi beýanatynda habar berildi.
NVIDIA-nyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we maliýe direktory Kolette Kress kompaniýanyň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellendi.
Kress täze hemişelik ýolbaşçy bellenilýänçä maliýe direktory wezipesini hem dowam etdirer. Direktorlar geňeşi täze baş direktory saýlamak işine başlady.
Şeýle hem Harwi Jons NVIDIA-nyň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesine bellendi.
SSTV+-niň NVIDIA-nyň resmi beýanatyna salgylanyp habar bermegine görä, ýolbaşçylykdaky bu üýtgeşmeler dessine güýje girdi.








