Aşgabatda «Müň ýyllyk yl ahy bedewler» atly Hytaý sungatynda atlara bagyşlanan sergi açylar
Noýabr 12, 2026 | 13:46 |1115


13-nji noýabrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik sungaty muzeýinde «Müň ýyllyk yl ahy bedewler — Hytaý sungatynda atlar» atly serginiň açylyş dabarasy geçiriler.
Sergi Hytaý sungatynda atyň keşbine we Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky medeni gatnaşyklara bagyşlanýar. Çäre «Müňýyllyk Ýüpek ýoly bizi birleşdirýär, müňlerçe bedew bilelikde beýik aýdym aýdýar» diýen şygar astynda geçirilýär.
Türkmen-hytaý medeni alyş-çalşygynyň çäklerinde guralýan sergi myhmanlary Hytaý medeniýetinde atyň keşbini şekillendirmegiň çeperçilik däpleri bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.
Çäräniň resmi afişasyna görä, sergi 2026-njy ýylyň 12–18-nji noýabry aralygynda dowam eder.








