Gümrük paçlarynyň ýatyrylmagyndan soň Keniýanyň Hytaýa kofe eksporty 140 göterime golaý artdy
Afrika ýurtlary üçin gümrük paçlarynyň ýatyrylmagyndan soň Keniýanyň Hytaýa kofe eksporty ep-esli artdy. 2026-njy ýylyň maý — awgust aýlarynda Keniýadan Hytaýa eksport edilen gowrulmadyk kofe däneleriniň möçberi takmynan 1710 tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 140 göterime golaý ýokarlandy.
Söwda statistikasyna görä, eksportyň umumy bahasy takmynan 14,67 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 97 göterim artdy.
1-nji maýdan başlap, Hytaý diplomatik gatnaşyklary bolan Afrika ýurtlarynyň ählisine, ýagny 53 döwlete, şol sanda Keniýa hem nol göterimli import gümrük paçlaryny girizdi. Bu karar keniýaly kofe öndürijiler üçin täze mümkinçilikleri döretdi.
Täze söwda şertlerinden peýdalanýan kärhanalaryň biri Keniýanyň merkezi bölegindäki Nýeri sebitinde ýerleşýän maşgala kofe hojalygydyr. Takmynan 50 ýyllyk taryhy bolan bu hojalyk esasan arabika görnüşli kofeni ösdürip ýetişdirýär.
Kompaniýa 2022-nji ýylda Hytaýa kofe eksport edip başlady. Häzirki wagtda ol esasan gowrulmadyk kofe dänelerini iberýär. Onuň Hytaýdaky esasy söwda bazarlary Guançžou, Şanhaý we Çanşa şäherleridir.
Keniýanyň kofesi belentlikdäki howa şertleriniň we gyzyl wulkan topraklarynyň täsiri bilen emele gelýän özboluşly tagamy bilen tanalýar.
Kompaniýanyň wekili Žozefinanyň aýtmagyna görä, Keniýa önümçiligiň möçberi boýunça Latyn Amerikasynyň käbir ýurtlary bilen bäsleşmese-de, kofesiniň ýokary hili bilen tapawutlanýar.
Ol Nýeri sebitinde ösdürilip ýetişdirilýän kofäniň miwe tagamlaryna baýdygyny, onda gök we ýer tudanasynyň tagam öwüşginleriniň duýulýandygyny hem-de özboluşly turşumtyk tagamynyň bardygyny belledi.
Kompaniýa satuw bazaryny giňeltmek maksady bilen 5–10-njy noýabr aralygynda Şanhaýda geçirilýän dokuzynjy Hytaý halkara import sergisine (CIIE) gatnaşýar. Geçen ýyl ol Hytaý — Afrika ykdysady we söwda sergisine gatnaşypdy, CIIE sergisinde bolsa ilkinji gezek öz önümlerini görkezýär.
Žozefina Hytaýyň köp sanly sarp edijisi bolan uly bazardygyny aýdyp, sergide ýurduň beýleki şäherlerinden täze hyzmatdaşlary tapmaga we kofe önümleriniň ýaýradylyşyny giňeltmäge umyt bildirýändigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde kompaniýa önümleriniň görnüşlerini köpeltmek we goşulan gymmaty ýokary bolan kofe önümlerini öndürmek boýunça hem işleýär.
Dokuzynjy CIIE sergisine daşary ýurtlardan 4142 kompaniýa gatnaşýar. Serginiň umumy meýdany 440 müň inedördül metrden geçýär. Bu ýerde 480-den gowrak önüm we tehnologiýa dünýä, Aziýa ýa-da Hytaý bazarynda ilkinji gezek görkezilýär. Bu serginiň taryhyndaky rekord görkezijidir.
SSTV+-niň habar bermegine görä, Hytaýyň nol göterimli gümrük paçlaryny girizmeginden soň Keniýanyň bu ýurda kofe eksportynyň möçberi maý — awgust aýlarynda 140 göterime golaý artdy. Keniýaly öndürijiler CIIE sergisinden täze alyjylary tapmak we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin peýdalanýarlar.









