Müsürde iki ýolagçy otlusy çaknyşdy: 7 adam heläk boldy, 100-den gowrak adam ýaralandy
8-nji noýabrda Müsüriň Giza welaýatynda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde azyndan ýedi adam heläk boldy, 100-den gowrak adam bolsa dürli derejeli şikesleri aldy.
Müsüriň Milli demir ýollar edarasynyň maglumatyna görä, heläkçilik Kafr Ammar we Al-Rakka stansiýalarynyň arasyndaky demir ýol böleginde bolup geçdi. Giza — Faýýum ugry boýunça hereket edýän otly Kair — Asuan ugry boýunça barýan beýleki otlynyň yzky bölegine çaknyşdy.
Çaknyşykdan soň iki otly hem relsden çykdy. Heläkçiligiň bolan ýerinde wagonlara uly zeper ýetdi, ýolagçylaryň şahsy goşlary bolsa töwerege pytrady. Wakanyň şaýady Hegazi El Ablawi otlularyň biriniň demir ýolda durandygyny, şol wagt beýleki ýolagçy otlusynyň ýokary tizlik bilen gelip ýetendigini gürrüň berdi.
«Ol tizligini peseltmedik ýa-da tormoz ulanmandyk ýaly görünýärdi. Otlylar çaknyşyp, ikisi hem relsden çykdy we demir ýoluň iki tarapyna agdaryldy. Wagonlaryň aşagynda adamlar bardy» diýip, ol aýtdy.
Şaýadyň sözlerine görä, golaýdaky Gerza ilatly ýeriniň ýaşaýjylary derrew kömege ýetişdiler. Olar wagonlaryň zeper ýeten böleklerini kesip, aşagynda galan adamlary halas etmek üçin kebşirleýiş enjamlaryny getirdiler. Halas ediş işlerine ýerli daýhanlar hem gatnaşdylar.
Müsüriň Saglygy goraýyş we ilat ministrligi halas ediş hem-de ewakuasiýa işlerine 72 sany tiz kömek ulagynyň gatnaşandygyny habar berdi. Ýaralananlar Giza we goňşy Beni-Sueýf welaýatlarynyň hassahanalaryna ýerleşdirildi.
Ministrligiň beren maglumatlaryna görä, zerur lukmançylyk kömegi berlenden we ýagdaýlary gowulaşandan soň 45 näsag hassahanadan çykaryldy. Ýene ýedi adamyň ýakyn wagtda öýlerine goýberilmegine garaşylýardy. Beýleki ýaralananlar lukmanlaryň gözegçiligi astynda bejergilerini dowam etdirýärdiler.
Saglygy goraýyş ministri Haled Abdel Gaffar iki welaýatdaky lukmançylyk edaralarynyň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy we ejir çekenlere zerur bolan ähli lukmançylyk hem-de gyssagly kömegi bermegi tabşyrdy.
Müsüriň Milli demir ýollar edarasy heläkçiligiň bolan ýerine ýörite toparlary we göteriji kranlary iberdi. Hünärmenler zeper ýeten wagonlary aýyrmak we demir ýol hereketini iki ugur boýunça mümkin boldugyça tiz dikeltmek üçin iş alyp barýarlar.
CGTN-niň habar bermegine görä, Giza welaýatynda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy azyndan ýedi adamyň ölümine we 100-den gowrak adamyň ýaralanmagyna getirdi. Halas ediş gulluklary heläkçiligiň netijelerini aradan aýyrmak boýunça işleri dowam etdirýärler.









