HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Krakowda bolan ýaragly hüjümde 6 adam heläk boldy, 16 adam ýaralandy: Polşanyň premýer-ministri wakany terrorçylyk diýip atlandyrdy

Noýabr 10, 2026 | 12:31 |857
Çeşme: orient.tm

Polşanyň Krakow şäheriniň Baş bazar meýdançasynda bolan ýaragly hüjümde alty adam heläk boldy, ýene 16 adam dürli derejeli şikesleri aldy. Waka 7-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda şäheriň syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň birinde bolup geçdi.

Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk şol gün agşam Krakowda eden çykyşynda wakany terrorçylykly hüjüm diýip atlandyrdy. Polşanyň Onet neşiriniň habar bermegine görä, hökümet başlygy ýurduň ozal şeýle agyr netijeli terrorçylykly hüjüme duş gelmändigini aýtdy.

Hüjümden soň Krakowyň taryhy merkeziniň käbir bölekleri polisiýa tarapyndan gabaldy. Derňewçiler wakanyň bolan ýerinde işlerini dowam etdirdiler, golaýdaky köçelerde hereket çäklendirildi.

Polşanyň polisiýasy heläk bolan alty adamyň biriniň Beýik Britaniýanyň raýatydygyny tassyklady. Ýaralananlaryň bäşisi daşary ýurt raýatlary bolup, olaryň arasynda Awstriýadan, Germaniýadan we Portugaliýadan gelen adamlar bar. Zeper ýetenleriň arasynda Krakowyň taryhy merkezinde syýahatçylary at arabalarynda gezdirýän işgärler hem boldy.

Krakowyň araba sürüjileriniň birleşiginiň agzasy Erik Neçek guramanyň dört agzasynyň ýaralanandygyny, olaryň ikisiniň bolsa agyr şikes alandygyny habar berdi.

«Şäherimiz göz öňüne getirip bolmajak pajygany başdan geçirdi. Meniň bilşime görä, häzir olaryň janyna howp abanmaýar, ýöne öňde uzak wagtlap saglygyny dikeltmek döwri garaşýar. Olaryň tiz wagtda sagalmagyna umyt edýäris» diýip, ol aýtdy.

Hüjümden soň Baş bazar meýdançasynda at arabalarynyň hyzmaty wagtlaýyn togtadyldy. Wakanyň şaýatlary şäher merkezinde aljyraňňylygyň ýüze çykandygyny gürrüň berdiler. Ýerli ýaşaýjylaryň biri tiz kömek we polisiýa ulaglarynyň geçip barýandygyny görendigini, adamlara bolsa bu ýerden gaçmagyň maslahat berlendigini aýtdy. Emma köp adam ilkibaşda näme bolýandygyna düşünmändir.

Awstraliýaly syýahatçy Dewid hüjümden takmynan bir sagat öň meýdançanyň golaýynda bolandygyny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ilki köp sanly sirena sesleri eşidilip, adamlaryň hereketi güýçlenipdir. Emma wakanyň näderejede çynlakaýdygyna hemmeler derrew düşünmändir. Ýaragly hüjüm baradaky habar ýaýransoň, şäherdäki ýagdaý düýpgöter üýtgäpdir.

Polisiýa Krakowyň taryhy merkezinde derňew işlerini dowam etdirýär. Berlen maglumatda hüjümi amala aşyran adamyň şahsyýeti we onuň mümkin bolan sebäpleri barada anyk maglumat ýok.

SSTV+-niň habar bermegine görä, Krakowyň Baş bazar meýdançasynda bolan ýaragly hüjümde alty adam heläk boldy, 16 adam ýaralandy. Polşanyň häkimiýetleri bu wakany terrorçylykly hüjüm diýip häsiýetlendirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026