Türkiýede BMG-niň COP31 klimat konferensiýasy açyldy: 90-dan gowrak dünýä lideriniň gatnaşmagyna garaşylýar
9-njy noýabrda Türkiýäniň Antalýa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça 31-nji konferensiýasy (COP31) açyldy. Duşuşygyň esasy maksady ozal kabul edilen klimat borçnamalaryny anyk çäreler arkaly durmuşa geçirmekdir.
Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, gepleşikler üç esasy ugra gönükdirilýär: parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmek, ösüp barýan ýurtlara klimat taslamalary üçin maliýe serişdelerini bermek we howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak.
Konferensiýa ilkinji gezek goşa başlyklyk modeli esasynda geçirilýär. Türkiýe kabul ediji ýurt hökmünde halkara klimat gün tertibini öňe sürýär, Awstraliýa bolsa gepleşiklere ýolbaşçylyk edýär.
Ilkinji gün gatnaşyjylar klimat çärelerini durmuşa geçirmekde ýüze çykýan päsgelçilikleri, şol sanda maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligini, infrastruktura çäklendirmelerini we tehnologiýalara elýeterlilik meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
11–12-nji noýabrda döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň sammiti geçiriler. Oňa 90-dan gowrak ýurduň ýolbaşçysynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň hökümeti öňki konferensiýada bolşy ýaly, bu gezek hem klimat gepleşiklerine gatnaşmaz.
SSTV+-niň habar bermegine görä, COP31 konferensiýasy 20-nji noýabra çenli dowam eder. Oňa 200-e golaý ýurtdan we sebitden hökümetleriň, halkara guramalaryň, ylmy edaralaryň, işewür toparlaryň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.








