OPEC: Nebit daşamagyň bahasy 12 essä golaý, ätiýaçlandyryş çykdajylary 200 esseden gowrak ýokarlandy
Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEC) 2026-njy ýylyň başyndan bäri nebiti deňiz arkaly daşamak we ätiýaçlandyrmak üçin çykdajylaryň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanandygyny habar berdi.
Guramanyň 4-nji noýabrda çap eden maglumatlaryna görä, esasy halkara ugurlarynyň ählisinde nebit tankerleriniň fraht nyrhlary düýpli ýokarlandy. Käbir ugurlarda daşama çykdajylary takmynan 12 esse artdy.
OPEC mysal hökmünde Ýakyn Gündogardan Gündogar Aziýa nebit iberilýän ugry görkezdi. Ýanwar aýynyň ahyrynda uly tankerlerde bir barrel nebiti daşamagyň bahasy 3,18 ABŞ dollaryna deň bolan bolsa, oktýabr aýynyň ahyrynda bu görkeziji 37,13 dollara ýetdi.
Nebit ýüklerini ätiýaçlandyrmak üçin çykdajylar has-da ýokary depginde artdy. Şol döwürde bir barrel üçin ätiýaçlandyryş tölegi 0,06 dollardan 12,29 dollara çenli ýokarlandy. Bu 200 esseden gowrak ösüşi aňladýar.
Şeýlelikde, görkezilen ugur boýunça bir barrel nebiti daşamak we ätiýaçlandyrmak üçin umumy çykdajylar 3,24 dollardan 49,42 dollara ýetdi. OPEC-iň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda daşama we ätiýaçlandyryş çykdajylary nebit önümleriniň umumy bahasynyň takmynan 30 göterimini düzýär. Adaty şertlerde bolsa bu görkeziji 3 göterim töwereginde bolýar.
Gurama şeýle ýokary logistika çykdajylarynyň nebitiň ähli üpjünçilik zynjyryna täsir edýändigini we nebit öndürýän hem-de sarp edýän ýurtlaryň maliýe ýüküni artdyrýandygyny belledi.
Mundan başga-da, daşama we ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň gymmatlamagy dünýä ykdysadyýetinde goşmaça inflýasiýa basyşyny döredýär.
SSTV+-niň habar bermegine görä, OPEC 2026-njy ýylyň başyndan bäri birnäçe halkara nebit gatnaw ugrundaky daşama we ätiýaçlandyryş çykdajylarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanandygyny mälim etdi.










