Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy
Hytaý Ýigriler toparynyň (G20) agzalaryny ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we ösüşi goramak üçin anyk çäreleri görmäge çagyrdy. Bu barada Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çaosýuý ABŞ-nyň Atlanta şäherinde anna we şenbe günleri geçirilen G20-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda aýtdy.
Ma Çaosýuý halkara ýagdaýyň düýpli özgerişleri başdan geçirýändigini, geosyýasy dartgynlylygyň güýçlenýändigini we ösüş bilen bagly gün tertibiniň düýpli yza galýandygyny belledi.
Ol G20-niň öz üstüne degişli jogapkärçiligi almalydygyny we dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy goramaga ýardam berýän güýç hökmünde çykyş etmelidigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, toparyň agzalary sebitdäki dartgynly ýagdaýlary gowşatmaga, gapma-garşylyklaryň düýp sebäplerini çözmäge we ählumumy howpsuzlygy dolandyrmak ulgamyny berkitmäge ýardam bermelidirler.
Hytaý G20-niň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we durnukly ösüşi gazanmak boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyny hem goldaýar. Ma Çaosýuý energiýa serişdeleriniň elýeterliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, energetika ulgamyny özgertmegiň we ählumumy energetika dolandyryşyny kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle-de ol G20 ýurtlaryny dünýä önümçilik we üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny hem-de bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin anyk çäreleri görmäge çagyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Ma Çaosýuý Ýakyn Gündogardaky ýagdaý we Ukraina krizisi boýunça Hytaýyň garaýşyny beýan etdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisde geosyýasy dartgynlylyk, energetika howpsuzlygy we üpjünçilik zynjyrlary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrleriniň duşuşygy dekabr aýynda Florida ştatynyň Maýami şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän G20 liderleriniň sammitiniň öňüsyrasynda geçirildi.
CCTV+ habar bermegine görä, duşuşyk esasy halkara meselelerini we G20 ýurtlarynyň ählumumy howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmek boýunça garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.






