HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý bilen Afrikanyň arasyndaky söwda 22 göterim artdy

Noýabr 02, 2026 | 14:00 |97
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda Hytaý bilen Afrikanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 312,11 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugynyň soňky maglumatlarynda habar berilýär.

Söwdanyň giňelmegine nulslaýyn gümrük paçlary syýasaty ýardam berýär. Şu ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Hytaý diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan 53 Afrika ýurdy üçin ähli haryt toparlary boýunça gümrük paçlaryny doly ýatyrdy. Bu çäre Afrika harytlarynyň Hytaý bazaryna çykmagyny ýeňilleşdirdi.

Maý aýyndan sentýabr aýyna çenli Hytaýyň Afrikadan import eden ýer hozunyň bahasy 4,4 esse, doňdurylan klubnikanyňky 113 göterim, awokadonyňky bolsa 82 göterim ýokarlandy. Hytaý Müsüriň doňdurylan klubnikasy üçin iň iri eksport bazaryna öwrüldi. Günorta Afrikanyň pekan hozunyň eksportynyň 90 göterimi Hytaýa iberilýär.

Hytaýyň Söwda ministrliginiň Günbatar Aziýa we Afrika departamentiniň direktory Liu Ýunyň aýtmagyna görä, Afrika önümleri Hytaýyň içerki bazaryndaky harytlaryň görnüşlerini artdyrýar. Hytaýyň künji importynyň 70 göterimi we kofe importynyň 40 göterimi Afrikanyň paýyna düşýär. Şeýle hem Afrika greýpfrutlary, almalary we beýleki miweleri möwsümden daşary döwürde täze miwelere bolan islegi kanagatlandyrmaga ýardam berýär.

Söwdanyň ösmegi ulag-logistika gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen utgaşýar. Hytaýyň Hubeý welaýatyndaky Eçžou şäheri bilen Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebanyň arasyndaky howa ýük gatnawlarynyň ýygylygy hepdede ýedi uçuşa çenli artdyryldy. 2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda bu ugur boýunça 456 uçuş amala aşyryldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60 göterime golaý köpdür.

Hubei International Logistics Airport kompaniýasynyň Dolandyryş departamentiniň başlygynyň orunbasary Ýue Bin ýylyň başyndan bäri Afrika ugruna daşalýan ýükleriň möçberiniň iki esse artyp, 36 müň tonna ýetendigini aýtdy. Uçuşlaryň ýygylygynyň artmagy täze güller we kofe däneleri ýaly çalt daşalmagy talap edýän önümleri Hytaýa ýetirmegi ýeňilleşdirýär.

Deňiz gatnawlary hem giňelýär. Ýantaý porty bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky ýük daşama ugry boýunça şu ýylyň başyndan bäri 8 million tonnadan gowrak ýük daşaldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 93 göterim köpdür we ugur işe girizileli bäri iň ýokary görkezijidir. Afrika ýurtlaryna aýda ortaça 30-dan gowrak gämi gatnawy amala aşyrylýar. Ugry 20-den gowrak Afrika ýurduny we sebitini öz içine alýar.

CCTV+ habar bermegine görä, gümrük paçlarynyň ýatyrylmagy we ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi Hytaý bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky söwda mümkinçiliklerini giňeldýär hem-de Afrika önümleriniň hytaýly sarp edijiler üçin elýeterliligini artdyrýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026