HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler

Noýabr 02, 2026 | 15:05 |5091
26-30-njy oktýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň tikinçilik senagatynyň hünärmenleri, atelýeleriň işgärleri hem-de dizaýnerleri üçin zenanlaryň penjeklerini we bleýzerlerini işläp düzmek boýunça bäş günlük amaly okuw geçirildi26-30-njy oktýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň tikinçilik senagatynyň hünärmenleri, atelýeleriň işgärleri hem-de dizaýnerleri üçin zenanlaryň penjeklerini we bleýzerlerini işläp düzmek boýunça bäş günlük amaly okuw geçirildi
Çeşme: ITC

26-30-njy oktýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň tikinçilik senagatynyň hünärmenleri, atelýeleriň işgärleri hem-de dizaýnerleri üçin zenanlaryň penjeklerini we bleýzerlerini işläp düzmek boýunça bäş günlük amaly okuw geçirildi. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan pudak üçin guralýan okuw maksatnamalarynyň üçünji tapgyry boldy.

20-den gowrak hünärmeni bir ýere jemlän maksatnama ölçeg almagyň usullaryny, hasaplamalary we binýatlyk biçimleri düzmegi öwrenmekden başlandy. Soňra gatnaşyjylar ýeňleriň, ýakalaryň, lapelleriň we jübüleriň gurluşyny düzmegiň aýratynlyklaryna seretdiler. Taýýar önümiň göwnejaý oturyşy we birkemsiz daşky görnüşine gönüden-göni täsir edýän hasaplamalaryň takyklygyna we jikme-jilkleriň dogry gabat getirilip birleşdirilmegine aýratyn üns berildi.

turkmenistan-apparel-sector-competitiveness-eu-itc-project (1).JPG

Indiki sapaklarda diňleýjiler dürli matalar bilen işlemegi, penjekleri taýýarlamagyň häzirki zaman çemeleşmelerini, şol sanda meşhur «owersaýz» görnüşlerini, şeýle hem binýatlyk gurluşyny egin-eşigiň dürli stillerine laýyklykda üýtgetmegiň usullaryny özleşdirdiler. Jemleýji günde hünärmenler alan bilimlerini iş ýüzünde berkitdiler: biçimleri düzmek we bedeniň aýratynlyklaryny hem-de müşderileriň isleglerini göz öňünde tutup, penjekleriň nusga-maketlerini taýýarlamak boýunça aýratyn tabşyryklary ýerine ýetirdiler.

Bu okuw HSM-niň Türkmenistanyň dokma we tikinçilik pudaklaryny ösdürmek hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça alyp barýan ulgamlaýyn işleriniň dowamyna öwrüldi. Şeýle okuw başlangyçlary ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň hilini gowulandyrmaga we ýerli öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

turkmenistan-apparel-sector-competitiveness-eu-itc-project (3).JPG

«Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» taslamasy barada

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we kiçi hem-de orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysady ösüşe we mynasyp zähmeti üpjün etmäge ýardam bermegi maksat edinýär. Taslama Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy söwda, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen söwda gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna ýardam eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler

Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler

15:05 Noýabr 02, 2026
Türkmen awangardyny öwrenmek: polşaly sungat hünärmenleri Türkmenistana sapar etdiler

Türkmen awangardyny öwrenmek: polşaly sungat hünärmenleri Türkmenistana sapar etdiler

13:30 Noýabr 02, 2026
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026