Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Hytaýyň Şweýsariýa bilen bilelikde açyklygy goldamaga we dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine has köp ynam hem-de anyklyk goşmaga taýýardygyny aýtdy. Ol bu barada anna güni Pekinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Gi Parmelen bilen geçiren duşuşygynda belledi.
Halk ýygnaklar öýünde geçirilen duşuşykda Si Szinpin Hytaýa iş sapary bilen anna gününden ýekşenbe gününe çenli gelýän Parmeleni mähirli garşylady we iki ýurduň arasyndaky berk gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady.
«Şweýsariýa Hytaýyň Ýewropadaky möhüm hyzmatdaşydyr we onuň Hytaý bilen hyzmatdaşlygy Ýewropa ýurtlarynyň arasynda hemişe öňdäki orunlaryň birinde bolup geldi. Açyklyk ösüşe alyp barýar, ýapyklyk bolsa gutulgysyz ýagdaýda durgunlyga getirýär. Dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleri özara baglanyşykly bolanda, olar bilelikde öňe gidýärler. Ýapyk bolanda bolsa yza galýarlar.
Dünýä ykdysadyýetiniň ägirt uly ummanyny yzyna çekip, ony üzňe kiçijik köllere we akabalara öwürmäge synanyşmak mümkin däl we taryhyň ösüş ugruna ters gelýär» diýip, Si Szinpin aýtdy.
Ol Hytaýyň Şweýsariýa bilen bilelikde açyklygy gorap saklamaga, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ähli ýurtlara peýda getirýän inklýuziw ykdysady globallaşmany ilerletmäge taýýardygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu tagallalar Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyna, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine ynam we has köp anyklyk goşmalydyr.
Gi Parmelen iki ýurduň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini we täzelenen erkin söwda ylalaşygynyň ähmiýetini belledi.
«Geçen ýyl Şweýsariýa bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 75 ýyllygyny belledik. Şweýsariýanyň Hytaý Halk Respublikasyny ykrar eden ilkinji Günbatar ýurtlarynyň biridigi bilen buýsanýarys. Bu ädim iki ýurdumyzyň arasynda berk we uzak möhletli hyzmatdaşlygyň düýbüni tutdy.
Şu gün Şweýsariýa bilen Hytaýyň arasyndaky erkin söwda ylalaşygyny döwrebaplaşdyrmak baradaky protokolyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşmak meniň üçin ýene-de uly hormatdyr. Bu resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň täze tapgyryny alamatlandyrýar» diýip, Şweýsariýanyň Prezidenti aýtdy.
CCTV+ habar bermegine görä, taraplar açyk ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täzelenen erkin söwda ylalaşygyny hem öz içine almak bilen, söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.








