HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Oktýabr 30, 2026 | 17:00 |786
Çeşme: orient.tm

Medeni miras geçmişiň ýatlamalaryny saklap, nesilleri biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Şonuň üçin taryhy gymmatlyklaryň yzyna gaýtarylmagy diňe bir aýry-aýry ýurtlar üçin däl, eýsem dünýä taryhyny gorap saklamak üçin hem möhümdir.

Awstraliýanyň Milli galereýasy çarşenbe güni Kanberrada takmynan müň ýyllyk taryhy bolan iki hytaý medeni gymmatlygyny Hytaýyň Medeni mirasy goramak boýunça döwlet müdirligine tabşyrdy.

Gaýtarylan gymmatlyklar Demirgazyk Sun neberliginiň döwründe, ýagny 960–1127-nji ýyllarda gurlan Ýunýuý we Ýunçan imperator mawzoleýlerinden ogurlanan harby we raýat wezipeli adamlarynyň heýkelleriniň kelle bölekleridir.

Awstraliýanyň Milli galereýasynyň maglumatyna görä, heýkelleriň iki bölegi hem hek daşyndan ýasalyp, Hytaýyň merkezi böleginde ýerleşýän Henan welaýatyndan gelip çykýar.

Gymmatlyklaryň yzyna gaýtarylmagy Hytaýyň Medeni mirasy goramak boýunça döwlet müdirliginiň degişli maglumat almagyndan soň başlanan işleriň netijesinde amala aşyryldy. Müdirlik Hytaýyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrligi we Henan welaýatynyň ýerli häkimiýetleri bilen bilelikde subutnamalary toplady. Şondan soň, 2025-nji ýylda gymmatlyklary yzyna gaýtarmak boýunça resmi işler başlandy.

Gymmatlyklaryň tabşyrylmagy 1970-nji ýyldaky ÝUNESKO konwensiýasynyň, 2009-njy ýylda gol çekilen medeni mirasy goramak boýunça ikitaraplaýyn özara düşünişmek memorandumynyň, şeýle hem Awstraliýanyň Milli galereýasynyň 2021-nji ýylda kabul edilen eksponatlaryň gelip çykyşyny anyklamak we degişli barlaglary geçirmek syýasatynyň çäklerinde amala aşyryldy.

CCTV+ habar bermegine görä, iki gadymy heýkel böleginiň yzyna gaýtarylmagy Hytaýyň we Awstraliýanyň degişli edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup, medeni mirasy goramakda we bikanun çykarylan taryhy gymmatlyklary yzyna gaýtarmakda halkara mehanizmleriniň ähmiýetini görkezdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026