Türkmenistan Moskwada geçirilen Gazy eksport ediji ýurtlaryň sammitinde hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady


27-nji oktýabrda Moskwadaky Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi. Türkmenistan iri energetika forumyna myhman hökmünde gatnaşdy. Ýurduň wekiliýetine Türkmenistanyň döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi.
Ýokary derejeli duşuşygyň esasy mowzugy dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde tebigy gazyň ornuny ara alyp maslahatlaşmakdan we dünýä bazarlaryna ýangyjyň durnukly iberilmegini üpjün etmek üçin utgaşdyrylan hereketleri pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Dünýäniň iň iri çig mal gorlarynyň birine eýe bolan Türkmenistan eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmaga, uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemäge we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga esaslanýan uzak möhletleýin strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär.

Türkmen wekiliýetiniň şeýle giň gerimli dialog meýdançasyna gatnaşmagy ýurduň giň halkara hyzmatdaşlygyna açykdygyny we deňagramly energetika syýasatynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.
Sammitiň netijeleri boýunça Moskwa Jarnamasy kabul edildi. Resminamada beýan edilen esasy ýörelgeleriň hatarynda energetika howpsuzlygyny we tehnologik garaşsyzlygy üpjün etmek, tejribe alyşmak hem-de tehnologiýalar babatda döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur şertleri döretmek bar.

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy dünýä bazaryna tebigy gaz iberýän öňdebaryjy öndürijileri we üpjün edijileri birleşdirýär. Foruma 12 ýurt agza bolup durýar: Russiýa, Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Trinidad we Tobago, Ekwatorial Gwineýa hem-de Birleşen Arap Emirlikleri. Mundan başga-da, forumyň sekiz sany synçy döwleti bar: Angola, Azerbaýjan, Yrak, Malaýziýa, Mawritaniýa, Mozambik, Peru we Senegal. Şu gezekki sammite myhman hökmünde Türkmenistan we Günorta Afrika Respublikasy hem çagyryldy.









