Türkmenistanyň DIM-de Eýranyň, HPG-nyň we BAE-niň wekilleri bilen birnäçe gepleşikler geçirildi


28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, maliýe hyzmatdaşlygy we halkara derejede hereketleri utgaşdyrmak meselelerine bagyşlanan duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Hamid Ganbari bilen geçiren gepleşiklerinde taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine we energetika hem-de senagat ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar.
Ahmet Gurbanow Halkara pul gaznasynyň (HPG) Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Anna Bordon bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bilermenleriň arasyndaky dialogy ösdürmek, makroykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak we ykdysady syýasat babatda tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şol gün Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen gepleşik geçirdi. Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini hem-de Birleşen Milletler Guramasyny goşmak bilen, halkara platformalaryň çäklerinde özara goldaw bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.








