Aşgabatda Hazar deňzini öwrenmek boýunça bäştaraplaýyn ylalaşyk baglaşylýar


Aşgabatda Hazar deňzi institutynda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň deňiz ylmy barlaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny gutarnykly ylalaşmaga bagyşlan günlük gepleşikleri başlandy. Bu bäştaraplaýyn resminamanyň işlenip taýýarlanylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aktau şäherinde geçirilen Hazar deňzi boýunça V sammitde öňe süren başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişilýändigini görkezýär.
Häzirki zaman ekologik çagyryşlaryň şertlerinde Hazar deňzinde düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek üçin bitewi hukuk we guramaçylyk binýadyny döretmek örän möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ylmy gözlegleriň umumy standartlarynyň işlenip düzülmegi kenarýaka bäş döwletiň alymlaryna biologik serişleleriniň ýagdaýyna bilelikde gözegçilik etmäge, deňiz derejesiniň üýtgemeginiň depginini we gidrologik hadysalary öwrenmäge, şeýle hem bu täsin suw ekoulgamyna adamyň ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmaga mümkinçilik berer.
Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri 28-nji oktýabrda tamamlanjak duşuşygyň dowamynda Hazar deňzinde uzak möhletleýin ylmy diplomatiýanyň düýbüni tutjak resminamanyň taslamasyndaky galan düzgünleri ylalaşmakda öňegidişlik gazanmagy maksat edinýärler.








