HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Seýşeller Respublikasynda geçirilen ICAO-nyň sanly pasportlar boýunça forumyna gatnaşdy

Oktýabr 25, 2026 | 10:16 |2464
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekiliýeti 20–22-nji oktýabrda Wiktoriýa şäherinde (Seýşeller Respublikasy) geçirilen Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Açyk açarlar direktoriýasynyň (PKD) 33-nji mejlisine we onuň bilen utgaşykly geçirilen Ählumumy amaly seminara gatnaşdyTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekiliýeti 20–22-nji oktýabrda Wiktoriýa şäherinde (Seýşeller Respublikasy) geçirilen Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Açyk açarlar direktoriýasynyň (PKD) 33-nji mejlisine we onuň bilen utgaşykly geçirilen Ählumumy amaly seminara gatnaşdy
Çeşme: ICAO

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekiliýeti 20–22-nji oktýabrda Wiktoriýa şäherinde (Seýşeller Respublikasy) geçirilen Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Açyk açarlar direktoriýasynyň (PKD) 33-nji mejlisine we onuň bilen utgaşykly geçirilen Ählumumy amaly seminara gatnaşdy.

«Eden Blue» myhmanhanasynda geçirilen forum pasportlaryň howpsuzlygy, awiasiýa we serhet gözegçiligi ulgamlary boýunça dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen 100-e golaý halkara bilermeni bir ýere jemledi. Duşuşygyň esasy meseleleri kagyz resminamalaryndan smartfonlarda saklanyp bilinýän sanly syýahatçylyk maglumatlaryna (Digital Travel Credentials — DTC) ählumumy geçiş, elektron daşary ýurt pasportlaryny (ePassport) dessine tassyklamak üçin esasy sanawlary ornaşdyrmak hem-de serhetlerde resminamalary barlamak üçin ulanylýan tehniki ulgamlary döwrebaplaşdyrmak bilen bagly boldy.

Türkmenistanyň degişli edarasynyň wekilleri 2026-njy ýylyň martynda işe girizilen ICAO-nyň täzelenen PKD platformasy bilen tanyşdylar. Bu platforma 2027-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli maksatnama taýýarlyk görmegiň çäklerinde işe girizildi. Türkmenistanyň Açyk açarlar direktoriýasynyň işine gatnaşmagy milli biometrik resminamalaryň ýokary derejede goralmagyny üpjün etmäge, olaryň halkara derejesinde päsgelçiliksiz ykrar edilmegine ýardam bermäge hem-de serhet gözegçiliginde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Forumyň netijeleri boýunça ICAO-nyň serhet howpsuzlygyny ösdürmek we syýahat resminamalaryny sanlylaşdyrmak boýunça täzelenen strategik meýilnamasy tassyklanyldy.


27-nji martda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) serhetüsti syýahatlarda ulanmak üçin niýetlenen täze nesil «Açyk açarlar direktoriýasy» (Public Key Directory — PKD) ulgamyny işe girizdi. ICAO-nyň PKD ulgamy serhet gulluklaryna, awiakompaniýalara we beýleki ygtybarly gatnaşyjylara elektron pasportlaryň hem-de sanly syýahat resminamalarynyň hakykylygyny barlamaga kömek edýän, goragly halkara maglumatlar binýadydyr. Ol döwletleriň howpsuzlyk sanly sertifikatlaryny, ýagny hödürlenen resminamanyň degişli döwlet edarasy tarapyndan berlendigini tassyklamak üçin ulanylýan «açyk açarlary» alyş-çalyş edip bilýän merkezi platformasy bolup hyzmat edýär.

Bu ulgam döwletleriň ýolagçylara dessin we dogry hyzmat etmek boýunça hukuk borçnamalaryny ýerine ýetirmegine ýardam bermek bilen birlikde, pudagyň wekillerine syýahatyň bitewi we päsgelçiliksiz amala aşyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Howa menziller we awiakompaniýalar smartfonlaryň kömegi bilen resminamalary uzak aralykdan barlap, öňünden tassyklanan biometrik maglumatlara elýeterlilik gazanyp bilerler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026