Pekin bilen Jibuti Gyzyl deňizde we Afrika şahynda durnuklylyga çagyrdy
Hytaý bilen Jibuti Afrika şahynda we Gyzyl deňiz sebitinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy goramaga çagyrdy we sebitde soňky döwürde dartgynlygyň güýçlenmegine alada bildirdi.
Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin penşenbe güni Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.
Ol Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen Jibutiniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdulkader Huseýin Omaryň gepleşikleriniň netijeleri boýunça çap edilen bilelikdäki beýannama barada düşündiriş berdi.
Resminamada Afrika şahyndaky howpsuzlyk, şeýle hem Gyzyl deňizde we Aden aýlagynda deňiz gatnaw ýollarynyň goragy esasy meseleleriň hatarynda görkezildi.
Mao Niniň sözlerine görä, taraplar Gyzyl deňizdäki dartgynlygyň güýçlenmeginiň dünýä ykdysadyýetine, aýratyn-da Afrika şahyndaky ýurtlaryň ykdysady işjeňligine uly howp döredýändigini bellediler.
Durnuksyzlyk şol bir wagtda garakçylyk we terrorçylyk ýaly howpsuzlyk meseleleriniň hem güýçlenmegine getirýär.
Hytaý bilen Jibuti sebitdäki dartgynlygyň mundan beýläk Gyzyl deňze ýaýramagyny islemeýändiklerini aýtdylar.
Taraplar degişli ýurtlary BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmäge, halkara gatnaşyklarynyň esasy kadalaryna eýermäge we dialog hem-de diplomatik serişdeler arkaly dartgynlygyň mundan beýläk güýçlenmeginiň öňüni almaga çagyrdylar.
CCTV+ habar bermegine görä, Pekin bilen Jibuti Gyzyl deňizde we Aden aýlagynda gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýetini hem nygtadylar.








