BMG: häzirki çäreler Pariž ylalaşygynyň klimat maksatlaryna ýetmek üçin ýeterlik däl
Gaýtadan dikeldilýän energetika we klimat syýasaty boýunça görülýän çäreler birnäçe ýurtda zyňyndylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi. Muňa garamazdan, häzirki depginler Pariž ylalaşygynda bellenen temperatura maksatlaryna ýetmek üçin ýeterlik däl. Bu barada BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň täze hasabatynda aýdylýar.
2026-njy ýylyň Emissions Gap Report hasabatyna görä, 2016–2025-nji ýyllarda 63 ýurtda we sebitde parnik gazlarynyň zyňyndylary azaldy, 90 ýurtda we sebitde bolsa energetika pudagynyň zyňyndylary pese düşdi.
2000–2020-nji ýyllarda hasaba alnan zyňyndylaryň düýpli azalmagynyň 69 ýagdaýynyň 63-si täze klimat çäreleri girizilenden ýa-da hereket edýän syýasatlar güýçlendirilenden soň iki ýylyň dowamynda bolup geçdi.
Şeýle-de bolsa, dünýä boýunça parnik gazlarynyň zyňyndylary heniz iň ýokary derejesine ýetmedi. Häzirki syýasat dowam etdirilse, asyryň ahyryna çenli global temperaturanyň senagatlaşmazdan öňki derejeden 2,8 gradus Selsiýden az ýokarlanmak ähtimallygy 66 göterim diýlip bahalandyrylýar. Ondan soň hem temperaturanyň ýokarlanmagy dowam edip biler.
Ýurtlaryň milli derejede kesgitlenen ähli klimat borçnamalary doly ýerine ýetirilse we şuňa meňzeş çäreler dowam etdirilse, global ýylylygyň takmynan 2,6 gradus bilen çäklendirilip bilinjekdigi aýdylýar.
Hasabatda bu çaklamanyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende ýaramazlaşandygy bellenilýär. Munuň sebäpleriniň arasynda ABŞ-nyň Pariž ylalaşygyndan çykmagy, täze milli klimat borçnamasyny hödürlemezligi we taryhy zyňyndylar baradaky bahalaryň täzeden gözden geçirilmegi görkezilýär.
Şol bir wagtda gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşi eýýäm uly täsir edýär. BMG-niň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda gün we ýel energetikasy takmynan 4,1 milliard tonna kömürturşy gazynyň zyňylmagynyň öňüni almaga kömek etdi.
2013–2025-nji ýyllarda dünýäde gaýtadan dikeldilýän elektrik energetikasynyň kuwwatynyň ösüşi 2015-nji ýylda çaklanylandan takmynan üç esse ýokary boldy. Gün fotoelektrik energetikasynyň kuwwaty bolsa öňki çaklamalardan takmynan ýedi esse köp artdy.
Hasabatda Hytaýyň senagat pudagynyň dekarbonizasiýasyna hem üns berilýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, soňky on ýylda klimat, energetika, daşky gurşaw we senagat syýasatlarynyň utgaşykly alnyp barylmagy zyňyndylaryň ösüş depginini haýallatmaga ýardam etdi.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy ýurtlary netijeli klimat syýasatlaryny has çalt durmuşa geçirmäge we milli şertlerini göz öňünde tutup, zyňyndylary has çuň we durnukly azaltmaga çagyrdy.
CCTV+ habar bermegine görä, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň çalt ösmegine we onlarça ýurtda zyňyndylaryň azalmagyna garamazdan, häzirki global klimat syýasaty Pariž ylalaşygynyň temperatura maksatlaryna ýetmek üçin heniz ýeterlik däl.






