Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky soňky konflikt sebäpli takmynan 60 milliard ABŞ dollary möçberinde ykdysady ýitgi çekdi. Bu barada Yragyň daşary işler ministri Fuad Hüseýin aýtdy diýip, ýurduň Daşary işler ministrligi anna güni habar berdi.
Rimde Italiýanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Antonio Taýani bilen duşuşygynda Hüseýin ABŞ bilen Eýranyň arasynda dowam edýän garşylygyň dünýä energetika krizisini çuňlaşdyrýandygyny we inflýasiýa töwekgelçiliklerini güýçlendirýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý beýleki sebitleriň, şol sanda Ýewropanyň ykdysadyýetine hem täsir edýär.
Yragyň daşary işler ministri Ýewropa Bileleşigini we Ýewropa ýurtlaryny parahatçylyk başlangyçlaryny işjeň goldamaga, taraplaryň arasyndaky düşünişmezlikleri azaltmaga we olaryň gepleşiklere dolanmagyna ýardam bermäge çagyrdy.
Taraplar şeýle hem halkara koalisiýasynyň Yrakdaky missiýasynyň 30-njy sentýabrda tamamlanmagyndan soň howpsuzlyk we goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Yragyň ykdysadyýeti nebitiň eksportyna ýokary derejede bagly bolup, onuň paýyna döwlet girdejileriniň takmynan 90 göterimi düşýär. Adatça ýurt aýda 100 million barrele golaý çig nebit eksport edýär.
Emma ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy bilelikdäki zarbalaryndan we dünýä energetika söwdasynyň esasy ugurlarynyň biri bolan Ormuz bogazynyň ýapylmagyndan soň eksportyň möçberi ep-esli azaldy.
Yragyň Nebit ministrliginiň maglumatyna görä, sentýabr aýynda ýurduň çig nebit eksporty günde ortaça 2,6 million barrele barabar boldy.
CCTV+ habar bermegine görä, konflikt we Ormuz bogazyndaky gämi gatnawynyň çäklendirilmegi sebäpli nebit eksportynyň azalmagy Yragyň uly ykdysady ýitgileriniň esasy sebäpleriniň biri boldy.






