HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Oktýabr 17, 2026 | 13:00 |202
Çeşme: orient.tm

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda penşenbe güni mekdebiň üçeginiň çökmegi netijesinde azyndan 34 okuwçy we bir mugallym heläk boldy. Ýene 50-den gowrak adam ýaralandy.

Waka Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň paýtagty Peşewardaky hususy Al-Khair Education Center okuw merkezinde boldy. Mekdebiň direktory we eýesi tussag edildi.

Halas ediş işleri birnäçe sagat dowam etdi. Sebit halas ediş gullugynyň ýolbaşçysy Arif Hattagyň sözlerine görä, harabalyklaryň aşagyndan onlarça adamyň jesedi çykaryldy, olaryň arasynda bir zenan mugallym hem bardy.

Ýaralanan okuwçylaryň biriniň kakasy mekdep binasynyň gurluşygynyň hiliniň pes bolandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, üç gatly binanyň üçegi gowşak bolup, gurluşygyň uly bölegi demir pürslere daýanýardy.

Waka bilen bagly welaýat häkimiýetleri giňişleýin derňew geçirmegi tabşyrdy. Bu pajyga ýurduň hususy okuw mekdeplerinde gurluşyk we howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi baradaky aladalary hem güýçlendirdi. Häkimiýetler şuňa meňzeş wakalaryň öňüni almak üçin okuw jaýlarynda goşmaça barlaglaryň geçiriljekdigini aýtdy.

CCTV+ habar bermegine görä, derňew üçegiň çökmeginiň sebäplerini we binanyň gurluşygynda ýa-da ulanylyşynda howpsuzlyk talaplarynyň bozulyp-bozulmandygyny anyklamaly.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026