Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner


Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň açylyş dabarasyny 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, Baku şäherinde geçirilen dabaraly kabul edişlikde habar berdi. Bu barada Azerbaýjanyň Trend habarlar agentligi maglumat berýär.
Diplomatyň sözlerine görä, metjidiň gurluşygy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde dowam etdirilýär. Taslama Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde kabul edilýär.
Medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri Bakuda we Genjede geçirildi. 2026-njy ýylyň iýun aýynda bolsa Azerbaýjanyň medeniýetine bagyşlanan çäreler Aşgabatda we Arkadag şäherinde guraldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 22–23-nji iýunynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekdiler.








