Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 17–22-nji oktýabr aralygynda Özbegistana we Hindistana sapary amala aşyrar. Samarkant şäherinde ol «Merkezi Aziýa — ABŞ» (C5+1) formatyndaky duşuşyga gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Bu barada Reuters agentligi ABŞ-nyň Döwlet departamentine salgylanyp habar berýär.
Özbegistana saparynyň çäklerinde Rubio Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Amerikanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, sapara ABŞ-nyň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilinden ybarat wekiliýeti hem gatnaşar.
Duşuşyklarda ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine garalmagyna garaşylýar.
C5+1 formaty ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny birleşdirýär hem-de sebitara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Özbegistandaky duşuşyklardan soň Rubio Hindistana ugrar. Habarlara görä, ol bu ýurtda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini hökümet wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.








